Iň täze habarlar

Türkmenabatda Ýeriň Gününe bagyşlap eko-festiwal geçiriler

19.04.2023 | 17:58 |
 Türkmenabatda Ýeriň Gününe bagyşlap eko-festiwal geçiriler

22-nji aprelde bellenip geçilýan Ýeriň Gününe bagyşlap, Türkmenabat şäherinde eko-festiwal geçiriler.

Çäre Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralýar. Ekologik çäräniň myhmanlary üçin kitap sergisi, el işleriniň gözden geçirilişi açylar. Olar şeýle hem ABŞ-daky bilim belişi bilen tanyşarlar, wegetarian naharyny dadyp görerler.

Çäräniň myhmanlaryna şeýle hem daşky gurşawy goramak meseleleri we howanyň üýtgemeginiň täsirleri boýunça bäsleşik wiktorinasy garaşýar.

Çäre «Bitaraplyk» seýilgähinde geçer. Başlanýan wagty 16:00. Oňa şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou hem gatnaşar.

Ilkinji gezek Ýeriň Gününi 1970-nji ýylda ABŞ-da belläp geçdiler. Şonda hem bu güni - 22-nji aprelde bellemek kararyna geldiler. Wagtyň geçmegi bilen çärä beýleki ýurtlar hem birleşdiler. Diňe 2009-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy bu babatda rezolýusiýa kabul etdi, şoňa laýyklykda 22-nji aprel resmi baýram — Ene ýeriň Halkara güni boldy.

Bu gün biziň her birimiziň öz barlygymyz üçin planetamyza we onuň eko-ulgamyna borçlydygymyzy ýatlatmaga niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Foto: foto-ram.ru

Şeýle hem okaň: