Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýeriň Güni mynasybetli filmiň görkezilişini guraýar
20.04.2023 | 13:13 |Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Bouygues-Turkmen kompaniýasy meşhur režissýor we tebigaty öwreniji alym Dewid Attenboronyň «Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş» filminiň görkezilişini 22-nji aprelde bilelikde guraýarlar – diýip, britan diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Dokumental filmiň görkezilişi Halkara Ýer gününe bagyşlanandyr. Onda birinji adamyň adyndan adamzat jemgyýetiniň planetanyň tebigy toplumlaryna edýän täsiri barada gürrüň berilýär.
Dewid Attenboro özüniň 93 ýaşynda ýerli ekoulgamlara antropogen täsiriniň netijeleriniň derejesine baha berip, ýer şarynyň ähli yklymlaryna baryp gördi.
Görkezilişe gatnaşmak üçin (+993 64) 577342 telefon belgisine jaň etmeli. Çäre sagat 14:30-da şu salgyda başlanýar: Bitarap Türkmenistan, 592 (Bouygues—Turkmen kompaniýasynyň ofisi).
ORIENT habarlar