Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça Dördünji milli habarnamanyň taýýarlygy ara alyp maslahatlaşyldy
14.04.2023 | 11:43 |Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwalaýyn konwensiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Dördünji milli habarnamasyna (НС4) we Başlangyç iki ýyllyk hasabatyna taýýarlygyň meseleleri ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň iş duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM-sy tarapyndan ýerine ýetirilýän «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilmegi» taslamanyň çäklerindäki duşuşyga şeýle hem Aşgabadyň häkimliginiň işgärleri, halkara taslamalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar parnik gazlarynyň zyňylmagynyň tükelleýiş işlerini geçirmegiň täze usulyýeti, Türkmenisyanyň oba hojalygynda, senagatynda we energetika pudagynda tükelleýiş işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Olara şeýle hem Türkmenistanda howa boýunça Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek üçin «МРВ/MRV (Ölçeg, hasaplylyk we barlag) ulgamyny tapgyrlaýyn girizmegiň mümkinçilikleri» baradaky maglumat hem berildi.
BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwalaýyn konwensiýasynyň Taraplary üçin bar bolan MRV ulgamy her dört ýyldan milli habarnamalaryň, her iki ýyldan Iki ýyllyk hasabatlaryň taýýarlanmagyny we hödürlenmegini öz içine alýar. Şunda mehanizmiň möhüm elementi— howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin milli – kabul ederlikli hereketler üçin MRV milli ulgamynyň döredilmegi we parnik gazlarynyň zyňylmagyny azaltmak boýunça esaslandyrylan netijeleri almak maksady bilen MRV geçirilmegidir.
ORIENT habarlar