ÝB Merkezi Aziýada durnukly energetika boýunça gysga wideorolikleriň bäsleşigini geçirýär
03.04.2023 | 02:19 |Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş alymlaryň we inženerçilik, energetika, ekologiýa we howany öwrenmek boýunça hünärmenleriň arasynda Instagramda Reels4SustainableEnergy gysga wideorolikleriň sebitleýin bäsleşigine badalga berýär.
Bäsleşik «Merkezi Aziýada durnukly energetikagatnaşyklar» (SECCA) taslamasy tarapyndan «Arassa energiýa geçmekligi tizleşdirmek — hasaplary azaltmaga we başarnyklary artdyrmaga geçmek»şygary astynda geçirilýär.
Reels4SustainableEnergy ÝB-MA energetikanyň durnuklylyk günleriniň çäklerinde energiýany tygşytlamagyň ekologiki we ykdysady artykmaçlyklaryna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek zerurlygy barada ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Reels arkaly, ýagny Instagram platformasyndaky gysga wideorolikler arkaly bäsleşige gatnaşyjylar adamlaryň gündelik durmuşda energiýany tygşytlamak üçin ulanyp biljek, şeýle hem EGDÇ-ne geçmekde ulanyp biljek ýönekeý amallary görkezmelidirler. Şekilli görnüş giň jemgyýetçilige energiýa netijeliliginiň artykmaçlygyny habar bermelidir, şeýle bilen hemolary bu işde özüňi alyp barmagyň modelini üýtgetmäge höweslendirmelidir.
Bäsleşige hödürlenýän wideorolikleriň gepleşik /diňleýiş dili iňlis ýa-da rus dilinde bolmalydyr, ýa-da sebitdäki ýurtlaryň biriniň dilinde bolup, rusça ýa-da iňlisçä terjime edilen bolmalydyr.
Dalaşgär Instagrama #Reels4Energy (ýa-da#Reels4SustainableEnergy) heştegli we @secca.eubellikli 3-den köp bolmadyk wideoroligi 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna çenli ýükläp biler. Şekilli görnüşiň dowamlylygy 90 sekuntdan geçmeli däldir. Gerekli heşteg we bellik bilen wideorolik ýüklenenden soňra, dalaşgär ýüz tutmanyň degişli formasyny doldurmalydyr we ony media@secca.eu elektron poçtasyna ugratmalydyr.
Işlere düzüminde ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekiliýetleriniň wekili bolan eminler we SECCA taslamasynyň bilermenler topary tarapyndan baha berler. Seçip almagyň esasy ölçegi şekilli görnüşiň tema gabat gelmegi, onuň döredijilikli bolmagy, şeýle hem gatnaşyjy tarapyndan bäsleşigiň mazmunyna düşünilmegi bolmalydyr.
Bäsleşigiň jemleri boýunça 6 sany ýeňiji saýlanar, olar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatynda we durnukly energetika geçmek boýunça ýewropa tejribesini öwrenmek üçin Ýewropa gitmäge mümkinçilik alarlar.
Bäsleşigiň netijeleri SECCA Taslamasy tarapyndan gurnaljak durnukly Energetika boýunça 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Astanada geçjek Maslahatyň çäklerinde yglan ediler. Sylaglamak dabarasy gibrid formatynda geçer.
Bäsleşigiň şertleri bilen jikme-jik maglumatlat bilen şu salgylanma tanşyp bolýar.
ORIENT habarlar