Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki Maslahaty geçdi
31.03.2023 | 15:05 |Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin galyndylaryň nol derejesine geçmek temasy boýunça ýokary derejedäki Maslahaty geçdi – diýip, Türkmenistanyň BMG-daky diplomatiki wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Çärä gatnaşyşyjylaryň arasynda - BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkiýäniň birinji zenany Emine Ärdogan, BMGÖM-nyň ilatly nokatlar boýunça direktory Muýmanah Mohd Şarif we başgalar bar.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa maslahatda adamyň daşky gurşawa edýän täsirini azaldýan dolanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy barada çykyş etdi.
Maslahatda Türkmenistan galyndylary gaýtadan işlemek we oba ýerlerini ösdürmekligiň hasabyna sebitleriň arasyndaky aratapawudy azaltmak boýunça öz milli tejribesini hödürledi. Bu kontekstde dolanyşykly tehnologiýanyň elementleri ulanylan Arkadag şäheriniň taslamasyna degilip geçildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri Türkiýe we daşky gurşaw baradaky BMGÖM-sy tarapyndan gurnalan ugurdaş çärä hem gatnaşdylar. Bu duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti täze Arkadag şäherinde galyndysyz tehnologiýalaryň aýratynlygy barada tanyşdyryş çäresini geçirdiler.
Halkara galyndysyz gününe Türkiýä tarapyndan başlangyç berilipdi. Maslahatyň barşynda häzirki wagtda ähli elektron galyndylaryň bary-ýogy 25%-niň howpsuz ýagdaýda ýok edilýändigi we gaty hojalyk galyndylarynyň diňe 55%-niň bolmalysy ýaly gözegçilik astynda gaýtadan işlenilýändigi barada maglumat aýdyldy.
Bu ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin pes uglerodly galyndysy bolan «akylly» şäherleriň Torunyň döredilendigi nygtaldy.
ORIENT habarlar