Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw geçirijileriň müň kilometrden gowragy çekiler

30.03.2023 | 09:58 |
 Daşoguz welaýatynda suw geçirijileriň müň kilometrden gowragy çekiler

Daşoguz welaýatynyň häkimligi welaýatda 211 kilometrden gowrak elektrik simleriniň, 1096 kilometr suw geçirjileriň we 67 kilometr lagym turbalarynyň çekilmegi üçin tender-bäsleşigini yglan etdi - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyla çenli obalaryň, şäherçeleriň, etrap hukukly şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Tendere Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan kompaniýalar gatnaşyp bilýärler. Munuň üçin şu aşakdakylary tabşyrmaly:

– doly ady we hukuk derejesi, hasaba alnyş resminamalary;
– maddy-tehniki binýady baradaky maglumat;
– TSTB-den kepilnama;
– soňky ýerine ýetirilen taslamalar baradaky maglumat.

Teklipler şu ýylyň 10-njy apreline çenli sagat 9:00-dan 18:30 çenli şu salgyda kabul edilýär: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 (welaýatyň häkimliginiň binasy).

Habarlaşmak üçin telefon: 9-03-02.

Ozal Daşoguzda jemagat hojalygy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylýandygy barada habar berlipdi.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: