Iň täze habarlar

Merkezi Aziýada buzluklaryň monitoringi boýunça halkara resminama işlenip taýýarlanar

27.03.2023 | 20:56 |
 Merkezi Aziýada buzluklaryň monitoringi boýunça halkara resminama işlenip taýýarlanar

Merkezi Aziýada buzluklara gözegçilik etmek boýunça halkara resminama işlenip taýýarlanar. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklyar mälim etdi – diýip, şu gün, 27-nji martda "Kazinform" habarlar agentligi habar berýär.

Gazagystanyň resmisiniň sözlerine görä, gürrüň halkara daşky gurşaw ylalaşyklaryny göz öňünde tutýan bilelikdäki sebitleýin taslamalar barada barýar.

Deputatyň ýüztutmasyna beren jogabynda Sklyar “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerinde sebitdäki buzluklara gözegçilik we modellemek boýunça umumy resminamany işläp taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigini belledi.

"Şeýle hem, "Merkezi Aziýada howanyň töwekgelçiligini dolandyrmak" taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär, bu howanyň üýtgemegine, parahatçylyga we howpsuzlyga uýgunlaşmak meselesine degişlilikde milli derejede kesgitlenen durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berer" – diýip, wise-premýer sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Foto: caa-network.org

Şeýle hem okaň: