Türkmenistan multimodal üstaşyr ýük daşamakda resminamalary resmileşdirmegiň bahasyny arzanlatdy
27.03.2023 | 18:17 |«Türkmenulaggözegçilik» Döwlet kärhanasy, multimodal daşamalarda üstaşyr ýük daşaýjylara rugsatnama bermekde arzanladyş yglan etdi. Gürrüň diňe «rugsatlar» (rugsat berýän resminamalar) barada däl, eýsem Türkmenistanyň demir ýol menzilinden ýa-da ýük howlusyndan beýleki ýurtlara üstaşyr haryt daşaýan ulaglar üçin SMR halkara ulag ýolhaty barada-da aýdylýar.
«Türkmen Logistika», Assosiasiýasynyň habar bermegine görä, deňiz ýa-da demir ýol ulaglary bilen ýük howlusyna ýa-da Türkmenistanyň çägindäki ilkinji demir ýol menziline gelýän harytlaryň multimodal üstaşyr gatnawy üçin bahalar arzanladyldy.
Mundan beýläk SMR resmileşdirmek üçin bahasy 100 manat bolar. Şeýle hem ýük awtoulag eýeleriniň üçünji ýurtlardan Türkmenistana haryt daşamagy we ýükleri Türkmeniň çägindäki ulagyň içine ýüklemegi üçin şol bir möçber tölenmeli.
Türkmenistan ozal üstaşyr ýüklerini düşürmek üçin demir ýol menzillerine ýa-da Türkmenistanyň ýük howlularyna gelýän daşary ýurt ulaglary üçin tölegleri 250 dollardan 100 dollara çenli arzanladypdy. Şeýle arzanladyş çäreleri daşaýjylara serhet ýakasyndaky Türkmen tarapyndaky demirýol terminallarynyň we ýük howlularynyň mümkinçiliklerini has işjeň ulanmaga mümkinçilik berer.
ORIENT news