Iň täze habarlar

Türk ýük daşaýjylary Eýranyň üsti bilen Türkmenistana daşalýan ýükleri artdyrarlar

29.03.2023 | 14:42 |
 Türk ýük daşaýjylary Eýranyň üsti bilen Türkmenistana daşalýan ýükleri artdyrarlar

Türkiýäniň Maşatdaky Baş konsuly Fatih Topçu Eýranyň resmi adamlary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türk ýük daşaýjylarynyň Türkmenistan bilen araçäkdäki Lýutfabad gümrüginde uzak wagtlap garaşmak meselesini çözmegi başardy –diýip, Daily Sabah habar berýär.

Ýakyn wagtda bu gümrük nokadynyň üsti bilen ýük akymynyň artdyrylmagyna garaşylýar, şol sebäpli harytlaryň Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eltilmegi ep-esli tizleşer we artar.

Bu şu aşakdaky ädimleriň kabul edilmegi bilenmümkin boldy:

– Türkmenistan bilen ylalaşykda araçäkde resmileşdirmegiň tizleşdirilmegi üçin iş wagtynyň artdyrylmagy;
– bir gije-gündiziň dowamynda araçäkden geçmäge rugsat edilen ulag serişdeleriniň mukdarynyň artdyrylmagy;
– ýangyjy satyn almagy ýönekeýleşdirmek üçin Eýranyň raýaty bolmadyklara ýangyç kartlarynyňberilmegi;
– tirkegleriň çalşylmagy ýatyrylar, bu bolsa araçäkden geçmek üçin gerekli bolan wagty gysgaldýar.

Mundan başga-da Eýran tarapy tiz zaýalanýan harytlaryň geçirilmegini resmileşdirmegiň optimallaşdyryljakdygyny belledi. Ozal araçäkden geçmegiň çäklendirilmegi Eýran tarapyndan COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilipdi.

ORIENT habarlar

Foto: parstoday.ir

Şeýle hem okaň: