USAID Türkmenistanda eksportçylar bilengeňeşçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldap, çykyş edýär
29.03.2023 | 15:54 |ABŞ-nyň USAID Halkara ösüş agentligi türkmen önüm öndürijileriniň Trade Promotion Service Providers başlangyjy arkaly halkara bazarlaryna çykmagyna ýardam edýär, ol hususy pudak üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň bir bölegini öz üstüne alýar.
Şeýlelikde, şöhlat önümlerini öndürmäge ýöriteleşýän Ak Toprak kompaniýasy gaplamalaryň dizaýnyny döretmek we öz önümlerini daşarky bazarda öňe sürmek üçin marketing konsepsiýasyny işläp düzmek üçin çykdajylaryň 50%-ni tygşytlamaga mümkinçilik aldy. Bu işde olara Unite dizaýn-kompaniýasy kömek etdi.
Başlangyç mümkinçilikleriň giň görnüşini, şol sanda eksport edijiler üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň 70%-niň tölenmegini öz içine alýar. TPSP her ýylda 3 hyzmata çenli töleýär, olaryň hersiniň bahasy azyndan $5 müň amerikan dollarydyr. Şunda başlangyç diňe eksporta gönükdirilen önüm öndürijilere degişlidir.
Şeýlelik bilen, maksatnama öz ýurdumyzyň önüm öndürýän dürli kompaniýalaryna gerekli hyzmatlary bermäge taýýar bolan maslahatçylaryny tapmaga mümkinçilik berýär. Ol oýlanyp düzülen strategiýa arkaly mümkin bolan oýlanyşykly eksporty höweslendirýär. Netijede, gyzyklanýan konsalting kompaniýalary sargyt alýarlar, eksport edijiler bolsa daşary ýurt bazarlaryna üstünlikli çykmak üçin mümkinçilik alýarlar.
Başlangyç Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletine degişlidir we şol sebäpli Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň kompaniýalary özara bähbitli hyzmatdaşlyk edip bilýärler.
Bu hyzmatdan peýdalanmaga gyzyklanýan taraplar ýörite formany 1.1, olara kömek etmek isleýän konsalting kompaniýalary — bu formany 1.2 doldurmaly. Şeýle hem skanirlenen formany gol çekip we edaranyň möhürini basyp, TCA_TPSP_Program@dai.com elektron poçtasyna ugratmaly, hatyň nusgasynyTPSP.Program.TCA@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly. 10-15 günüň dowamynda TPSP goşulandygy ýa-da ýüz tutmadan ýüz dönderilendigi barada habar geler.
ORIENT habarlar