Iň täze habarlar

Indi TDHÇB-da resminamalary tabşyrmagy we geleşikleri yzarlamagy «Şahsy kabinetiň» üsti bilen ýerine ýetirip bolýar

28.03.2023 | 16:08 |
 Indi TDHÇB-da resminamalary tabşyrmagy we geleşikleri yzarlamagy «Şahsy kabinetiň» üsti bilen ýerine ýetirip bolýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda «Şahsy kabinet» bölümi peýda boldy, ol TDHÇB-sy bilen baglanyşykly meseleleriň köpüsini internetiň üsti bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Indi gyzyklanýan ýuridiki we fiziki şahslar hasaba alynmak üçin resminamalary onlaýn-tertipde tabşyryp bilýärler, şertnamalary şol wagtda yzarlap bilýärler. Şahsy kabinetiň üsti bilen gerekli arzalaryň nusgalaryny hem ýükläp alyp bolýar, biržanyň wekilleri bilen aragatnaşyga girip bolýar.

Häzirki wagtda şeýle hem saýtda brokerçilik ýeriniň onlaýn-hasaba alnyşygy bölümini işläp düzýärler.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda birža täzelikleri bilen tanşyp bolýar, söwdalaşyklar, satuwa çykarylan täze harytlar barada wajyp maglumaty tapyp bolýar.

ORIENT habarlar

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: