Iň täze habarlar

Türkmenistanda 36 desga döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda çykarylar

28.03.2023 | 15:21 |
 Türkmenistanda 36 desga döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda çykarylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi, onda döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar. Sanaw 26-njy martda «Neýtralnyý Turkmenistan»gazetinde çap edildi.

Döwlet eýeçiliginden aýyrmaga degişli kärhanalar Söwda ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Suw hojalygy döwlet komitetine, «Türkmenawtoulaglary»agentligine, Awtoulag ýollaryň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine we «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişlidir.

Şeýle hem sanawda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň desgalary bardyr.

Hususy pudagyň wekilleri üçin bäsleşikli söwda 2023-nji ýylyň 11-nji aprelinde sagat 10:00-da döwlet eýeçiligine degişli emläkleriň söwdasynyň sanly meýdançasynda www.е.fineconomic.gov.tm. geçiriler.

Lotlaryň doly sanawy bilen şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: