Ýewraziýanyň ösüş banky MA-nyň suw-energetika toplumyna azyndan $400 mln maýa goýmagy meýilleşdirýär
28.03.2023 | 09:48 |Ýakyn 3 ýylda Ýewraziýanyň ösüş Banky Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumyna azyndan $400 mln amerikan dollary möçberinde maýa goýmaklygy meýilleşdirýär. Bu barada Ýewraziýa Bankynyň müdirliginiň başlygy Nikolaý Podguzow BMG-niň suw serişdeleri baradaky Nýy-Ýorkda tamamlanan maslahatynda beýan etdi.
«Ýewraziýa bankynyň bahalandyrmasyna görä, bu ugurdaky meseleleriň üstünlikli çözülmegi sebitleýin JIÖ-iň ösüş depgininiň ýylda 1,5% artmagyna getirip biler. Bu şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar, bu bolsa sebitleýin azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde wajyp şert bolup durýar» - diýip, Podguzow aýtdy we Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumynyň Bankyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Podguzowyň sözlerine görä, suw we energetika serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy we paýlanylmagy bilelikdäki hereketleri talap edýär. Ol bu işde umumy düzüm bölegi bolup çykyş edip biljek sebitleýin suw-energetika guramalarynyň, şeýle hem köptaraply maliýe institutlarynyň ornuna üns berdi.
«Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň Merkezi Aziýadaky uzakmöhletleýin suw meselelerini çözjekdigine men ynanýaryn»- diýip, ol sözüni jemledi.
Häzirki wagtda Bank «Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumy» atly maýa goýum megataslamasyny ýerine ýetirýär, ol seljerme we bilermenler bahalandyrmasyny, şeýle hem bu pudagy toplumlaýyn ösdürmegiň netijeli ýollarynyň çaklamasyny göz öňünde tutýar. Maliýe edarasynyň bilermenleri eýýäm birnäçe barlaglary geçirdiler, olaryň netijeleri «Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumyna maýa goýumlar» we «Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumyny kadalaşdyrmak»hasabatlarynda beýan edildi.
ORIENT habarlar