Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desga peýda bolar
27.03.2023 | 17:00 |Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetre deň bolan suw arassalaýjy desga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda peýda bolar. Degişli tender-bäsleşigini resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasynyň esasynda gurluşygy we materiallary satyn almak üçin tender-bäsleşigi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Tendere gatnaşmak üçin şu salga zerur resminamalary tabşyrmaly: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, bina 156 (Maliýe ministrliginiň binasy).
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
Golaýda ýurduň günbatar sebitinde başga bir gidroteniki desga — Garagum derýasynda suwuň akymyny kadalaşdyryjy desga peýda boldy.