Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda täze sanly ulgam işe giriziler

27.03.2023 | 12:49 |
 Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda täze sanly ulgam işe giriziler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Hazar deňzi instituty üçin täze sanly ulgamy işläp düzmek boýunça tender-bäsleşigi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Kiberhowpsuzlygyň ýokary ölçeglerine gabat gelýän bu ulgamy girizmek we gerekli enjamlary satyn almak ylmy-barlag edarasynyň maglumatlar howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenendir.

Teklipleriň bäsleşigini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi institutyň buýurmasy boýunça yglan etdi. Gerekli resminamalary 17-nji aprele çenli şu salgy boýunça tabşyryp bolýar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 156 (Maliýe ministrliginiň binasy).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.

ORIENT habarlar

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: