Iň täze habarlar

"Uly kir ýuwuşlyk" - Aşgabatdaky fransuz mekdebindäki çeperçilik çäresi

26.03.2023 | 01:52 |
 "Uly kir ýuwuşlyk" - Aşgabatdaky fransuz mekdebindäki çeperçilik çäresi

Ýaz paslynyň gelmegi bilen fransuz mekdebiniň MLF (Mission laïque française) okuwçylary, däp bolşy ýaly, adaty bahar çärelerine taýýarlanýarlar. Olaryň arasynda – hemmeleriň halaýan "Uly kir ýuwuşlygy" (Grande lessive).

Suratlar toplumyny bir ýerde üýşürilip sergilemek başlangyjyny 2006-njy ýylda fransuz suratkeşi Joel Gontýe ýola goýdy. Aksiýa gatnaşyjylar bellenilen günde köçede (howluda, kitaphanada, meýdançalarda, seýilgählerde) ýüp çekip, oňa köpsanly surat asýarlar. Ýylda iki gezek geçirilýän "Uly kir ýuwuşlygyň" temasy her gezek üýtgeýär. Döredijilik işlerini ýerine ýetirmegiň usuly islendik görnüşli bolup biler. Bulara galam, akwarel bilen ýerine ýetirilen nakgaş işleri, fotomontaž, kollaž eserleri we ş.m. girýär. Ýeke-täk umumy talap – kagyz listleriň ölçegi (A4 formaty), berlen mowzuga laýyklyk we her kim diňe bir işini hödürläp biler.

20230324_100655-1.jpg

Şeýle fleş-moblaryň esasy maksady çeperçilik tejribesini we öwrenmek ukybyny, şeýle hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmekdir. Çärä gatnaşmak üçin hünärmen bolmak hökman däl, ýaşyna garamazdan, islendik adam oňa gatnaşyp biler.

20230324_100734-1.jpg

Bu baharyň mowzugy – Ma cabane et/est la tienne, ýagny – "Meniň öýüm siziň öýüňiz".

20230324_100708-1.jpg

Fransuz mekdebiniň okuwçylary rahatlygy we myhmansöýerligi alamatlandyrýan türkmen ak öýlerini çekmek kararyna geldiler. Kollejde bilim alýan çagalar öz pikirlerini reňkli galamlar bilen beýan etmegi makul bildiler. Orta synp okuwçylary öý eýeleriniň gapylaryny giňden açyp garşy alýan pursatlary şekillendirilen eserlerini hödürlediler. Mekdebiň iň ýaş okuwçylary bolsa foto we çekilen suratdan ybarat kollažlary taýýarladylar.

20230324_100640-1.jpg

"Uly kir ýuwuşlyk" şu ýyl global çäre hökmünde giň gerim alýar. Ol 120-den gowrak ýurtdan 10 milliondan gowrak adamy birleşdirdi. Türkmenistan bu sungat çäresine alty ýyl bäri gatnaşýar.

ORIENT news

Foto: автора

Şeýle hem okaň: