Azerbaýjan Gazagystanyň nebitini Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirmek işini ýola goýdy
24.03.2023 | 21:03 |Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
“Tengiz” ýatagyndan çykarylýan Gazagystan nebitiniň ilkinji tapgyry 23-nji martda “Prezident Geýdar Aliýew” tankeri bilen Aktau portundan Sangaçal terminalyna getirildi.
Gazagystan nebitini Baku-Tbilisi-Jeýhan üsti bilen daşama SOCAR we Kazmunaigas kompaniýalarynyň gol çeken ylalaşygynyň (ýylda 1,5 million tonna nebitiň üstaşyr daşalmagyny göz öňünde tutýar) çäklerinde amala aşyrylýar.
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň üsti bilen aýda 12-14 sany tanker gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Gazagystanyň nebitiniň indiki tapgyry “Şusha” tankeri bilen 27-nji martda Aktau portundan iberiler – diýlip, habarda aýdylýar.
"Kazmunaigas" Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Bulat Zakirow ozal Gazagystanyň Tengiz ýatagyndan Azerbaýjana nebit ugradyp başlamagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi.
ORIENT news