Türkmenbaşyda 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygyna girişiler
25.03.2023 | 12:03 |100 orunlyk täze ýokanç keseller klinikasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde peýda bolar. Munuň üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň tender-bäsleşigini yglan etmek hakyndaky bildirişi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Gurluşyk Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasynyň esasynda amala aşyrylar. Materiallar bilen üpjün etmekden başga-da, potratçy suw we gaz üpjünçilik ulgamlaryny çekmelidir.
Klinikanyň gurluşygy ozal «Çeper gurluşyk» kompaniýasyna ynanylypdy. 2021-nji ýylda port şäherinde öňdebaryjy ýewropa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýokanç keseller hassahanasy açylypdy.
Tendere gatnaşmak üçin ýüz tutmany 17-nji aprele çenli şu salgy boýunça tabşyryp bolýar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 156 (Maliýe ministrliginiň binasy).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
ORIENT habarlar