Iň täze habarlar

CCTV+: Hytaýda ylmy-tehniki komissarlar fermerlere netijeli işewürlik-modellerini döretmäge kömek edýärler

24.03.2023 | 16:12 |
 CCTV+: Hytaýda ylmy-tehniki komissarlar fermerlere netijeli işewürlik-modellerini döretmäge kömek edýärler

CCTV+ teleýaýlymy bir wagtlar welaýat partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary wezipesini eýelän Si Szinpiniň üns bermegi we ýolbaşçylygy astynda Fuszýan welaýatynda ylmy-tehniki komissarlaryň fermerlere täze netijeli işewürlik-modelleri döretmäge kömek edendikleri barada şekilli sýužet taýýarlady.

«Häzir welaýatyň daglyk etraplarynda 5000 ga golaý üzüm agaçlary bar, olaryň ýyllyk önümçilik möçberi 600 mln ýuandan geçýär, üzüm ýetişdirmek arkaly 10 müňden gowrak maşgala garyplykdan halas boldy we baýamagy başardy» - diýip, sýužetleriň gahrymanlarynyň biri gürrüň berýär.

Hytaýda ylmy-tehniki komissarlaryň ulgamy 20 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär we şol wagtyň dowamynda hünärmenleriň sany tutuş ýurt boýunça 225 bolanlygyndan 800 müňe çenli artdy.

ORIENT

Foto: CCTV+

Şeýle hem okaň: