Tutuş Daşoguz welaýaty boýunça jemagat hojalygy ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar
24.03.2023 | 15:32 |Daşoguz welaýatynyň häkimligi suw ýygnamak ulgamynyň, suw geçirijisiniň we lagymyň, lagym arassalaýjy desgalarynyň, şeýle hem suw, tok we gaz üpjünçiligi ulgamyny çekmek we gurmak barada tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Suwy ýygnamagyň täze ulgamlaryny Akdepe, Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky we Boldumsaz etraplarynyň 12 ilatly nokatlarynda çekmeli bolar.
Suw geçirjilerini we lagymy çekmek welaýatyň ähli etraplarynda amala aşyrylmalydyr. Boldumsaz etrabynda şeýle hem arassalaýjy lagym desgalary gurulmaly.
Suw, tok we gaz üpjünçiligini Daşoguz şäheriniň täze gurulýan jaýlarynda oturtmak zerur bolup durýar.
Tendere gatnaşmak üçin hukuk derejesini, hasaba alnyşyny, maddy-tehniki binýadyny, TSTB-den kepilnamany görkezip, 2023-nji ýylyň 27-nji martyna çenli şu salgy boýunça resminamalary tabşyrmaly: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 10/1 (welaýatyň häkimliginiň binasy).
Habarlaşmak üçin telefonlar: : 9-03-02, 9-40-33.
ORIENT habarlar