Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

BelTA: GDA-nyň ähli ýurtlary Arkalaşygyň II oýunlarynda güýçli toparlar tarapyndan wekilçilik ediler

18.03.2023|11:51|
1196
belta-gda-nyn-ahli-yurtlary-arkalasygyn-ii-oyunlarynda-guycli-toparlar-tarapyndan-wekilcilik-ediler
Surat çeşmesi: BelTA

GDA-nyň ähli ýurtlary şu ýylyň awgustynda Belarusda geçjek Arkalaşygyň ýurtlarynyň II Oýunlaryna güýçli toparlary çykarjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada Belarusyň wise-premýeri Igor Petrişenko salgylanyp, BelTA habar berýär.

Moskwada tamamlanan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça KHBS-niň wekillerine beren interwýusynda Petrişenko şeýle hem oýunlara diňe GDA ýurtlarynyň däl-de, eýsem beýleki 14 ýurduň wekilleriniň hem gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

«Bu çäräniň geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň aýdyň oňyn mysaly bolmalydyr» - diýip, ol nygtady, Arkalaşyk boýunça ähli hyzmatdaşlary ýene-de bir gezek Oýunlara taýýarlyga işjeň goşulmaga çagyrdy.

ORIENT habarlar