Iň täze habarlar

IBA Group Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

18.03.2023 | 11:22 |
 IBA Group Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
 IBA Group Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
 IBA Group Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Gündogar Ýewropadaky iri IT kompaniýalarynyň biriniň – IBA Group-yň wekiliýeti – «Türkmendemirýollary» agentliginiň we AGPJ «Demirýollarynyň» ýolbaşçylary bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdi.

Taraplar işiň netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini ýerine ýetirmek üçin kärhanany dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny (АСУП) we kärhänänyň serişdelerini dolandyrmak ulgamyny (ERP) girizmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Gepleşiklerde bellenen sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi, ulag infrastrukturasynyň ösüşine we ýurduň logistika ulgamynyň geçirijilik ukybynyň artmagyna ýardam etjekdigi bellendi.

IBA Group wekiliýetiniň Türkmenistana sapary «Akylly Tilsimat» HJ-niň goldamagynda guraldy. Aşgabatdaky işiniň çäklerinde iki ýurduň kompaniýalary şeýle hem hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar.

IBA Group – bu halkara IT kompaniýasy bolmak bilen, ol programma üpjünçiligi babatynda işläp düzmek, goldaw bermek we konsalting hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň 3000-e golaý işgäri bolup, ol dünýäniň 15 ýurdunda işleýär.

Kompaniýanyň hasabynda üstünlikli taslamalaryň onlarçasy bar, olaryň arasynda - Günorta Afrikada ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak, iri çeh awtoulag öndürijisi bolan Škoda Auto üçin maliýe we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak we başgalar bardyr.

ORIENT habarlar

Foto: «Akylly Tilsimat» HJ tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: