Iň täze habarlar

Türkmenbaşynyň deňiz portunyň ISO halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklandy

17.03.2023 | 12:38 |
 Türkmenbaşynyň deňiz portunyň ISO halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklandy

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara ölçegleri «ISO 9001:2015 — Hil menejment ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy menejment ulgamyna» gabat gelýändigi tassyklandy.

Hazaryň türkmen kenarynda deňiz portunuň auditini CERT International (Slowakiýa) kompaniýasy geçirdi we porta degişli şahadatnamalary berdi.

Alnan resminamalar Türkmenbaşynyň deňiz portunyň müşderileriň isleglerini we garaşýan zadyny göz öňünde tutup, hyzmatlary bermegiň ýokary derejesini üpjün edýändigine, şeýle hem öz işini mydama gowulandyrmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.

ISO ölçegleriniň girizilmegi Türkmenbaşynyň deňiz portunyň hyzmatdaşlar tarapyndan ynamyň artmagyna, prosessleriň optimallaşdyrylmagy we standartlaşdyrylmagy sebäpli çykdajylaryň kemelmegine, daşky gurşawy goramagyň derejesiniň ýokarlanmagyna we deňiz portunyň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam eder.

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň maýynda dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi. Toplumyň düzüminde – esasy ýükleriň terminaly, ýolagçy we parom terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, konteýner terminaly we polipropilen terminaly bardyr. Portuň geçirijiligi ýylda 4 mln tonna ýüke deňdir.

Geljekde Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty EcoPort Suistanable Logistic Chain guramasynyň EcoPort şahadatnamasyny almagy meýilleşdirýär. Bu portuň ekologik howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem onuň sebitleýin we halkara bazarlarda bäsdeşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: