Türkmenistanda çagalar meýdançalary üçin oýun toplumlaryny öndürip başladylar
17.03.2023 | 11:33 |«Ak kent» hususy kärhanasy Türkmenistanda ilkinji bolup çagalar meýdançasy üçin oýnalýan toplumlaryň önümçiligini ýola goýdy – diýip, firmanyň wekilleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabatdaky ýubileý sergisinde ORIENT-e gürrüň berdiler.
Kärhana täze önümi sergide ilkinji gezek görkezdi. HK-da ozal şunuň ýaly önümleriň diňe daşary ýurutlardan satyn alynýandygyny nygtadylar we häzir olaryň öndürilip başlanmagy daşary ýurtdan satyn alynýan zatlaryň ornuny tutar.
Çagalar üçin oýun toplumlaryny öndürmek üçin işewürler türkmen çig malyndan alynýan polipropileni ulanýarlar. Önümçilik üçin enjamy ÝB-i ýurtlaryndan satyn alnan we hiliň halkara ölçeglerine gabat gelýär.
Çagalar meýdançalary üçin önümleri hem ýuridiki şahslar, şeýle hem fiziki şahslar satyn alyp bilýärler – diýip, HK-nyň wekilleri bellediler.
Ýokarda sanalan önümlerden başga-da, «Ak kent» HK-sy çagalar üçin suw howuzlaryny, göwrümi 100 litrden 2500 litre çenli bolan gaplary we awtoulaglaryň tizligini gowşatmak üçin plastik ýol päsgelçiliklerini öndürýär.
ORIENT habarlar