Türkmen kompaniýasy ýahtalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
18.03.2023 | 11:25 |2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanda motorly we motorsyz gämileri öndürýän «Şanly mekan» Hojalyk jemgyýeti ýahtalaryň önümçiligini ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.
Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçýän sergide firmanyň wekilleri ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdiler.
Häzir HJ özbaşdak öz gämileriniň modellerini we çyzgylaryny işläp düzýär, olary taýýarlamak üçin aýnaplastigi bolsa Türkiýeden we Italiýadan satyn alýar. Uzak wagtlap hyzmat edýän bu material çüýränok we suw degende saralanok.
Firma gämiler üçin ýokary hilli hereketlendirjileri öndürýän Ýaponiýanyň Honda we Ýamaha kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Köpçülikleýin önümçilikden başga-da, «Şanly mekan» buýrujynyň islegine görä gämi ýasap, ýekebara sargytlary hem kabul edýär.
ORIENT habarlar