Mejlis harytlaryň kodlanmagy baradaky Brýussel konwensiýasyna goşulmak hakynda kanuny kabul etdi
17.03.2023 | 16:41 |Türkmenistanyň parlamenti «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda» kanunyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdi.
Bu baradaky maglumat 17-nji martda resmi türkmen neşirleri çap etdiler.
Sazlaşdyrylan ulgam baradaky kanunyň kabul edilmegi söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir. Onuň özeni beýan etmeleriň standartlaşdyrylmagyndadyr, öndürilýän harytlaryň kodlanmagydyr we synplaşdyrylmagydyr, bu bolsa daşary söwdanyň has anyk statistikasyny ýöretmek üçin möhümdir.
Öz gezeginde obýektiw statistika hökümetlere we kompaniýalara ösüşiň has täsirli strategiýasyny işläp düzmäge, bahalaryň monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet geriminde bu içerki salgyt salnyşyny, milli hasaplaryň düzülişini, ýük nyrhnamalarynyň düzülmegini, harydyň gelip çykyşyny anyklamagy, kwotalaryň ýerine ýeirilmegine gözegçilik etmуgi we ykdysady seljermäni kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda 1988-nji ýylda güýje giren bu konwensiýa 160-a golaý döwlet goşuldy.
Bulardan başga-da deputatlar «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda»; «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar we olar kabul edildi.
ORIENT habarlar