Türkmenistanda TSTB-niň 15 ýyllyk ýubileýi mynasybetli hususy pudagyň sergisine badalga berildi
17.03.2023 | 16:32 |17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli türkmen işewürliginiň wekilleriniň sergisi başlandy. Ol ýurduň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 17-nji martdan 23-nji marta çenli dowam eder.
Sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow işwürler jemgyýetçiliginiň ýurduň ösüşine goşýan saldamly goşandyny we ýurtda TSTB-niň ilkinji ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň we onuň «ýaşyl relslere» düşmeginiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň sebitdäki iri halkara hünär edarasy boljakdygyny beýan etdi.
Birleşmäniň 200-den gowrak agzasynyň gatnaşýan sergisi bilen bir wagtda ykdysadyýetiň dürli böleklerine wekilçilik edýän maslahat geçiriler.
ORIENT habarlar