Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
COVID-19-a garşy belorus sanjymynyň birinji tejribe-senagat nusgasyny aprel aýynda almagy meýilleşdirýärler - diýip, Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Dmitriý Pinewiçe salgylanyp, BelTA habar berýär.
«Biz aprelde ilkinji synag-senagat nusgasyny almaly, sanjymyň şu ýylyň ahyryna çenli hasaba alynmagy üçin ol klinika çenli we kliniki synaglara iberiler» - diýip, Pinewiç aýtdy.
COVID-19-a garşy belorus sanjymynyň önümçiligi baradaky taslama «BelWitunifarm» APJ kärhanasynda ýerine ýetirilýär, ony işläp düzmek bilen respublikanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň we Milli ylymlar akademiýasynyň kärhanalary meşgullanýarlar.
ORIENT habarlar
