Iň täze habarlar

Ýigit HJ Türkmenistanda ilkinji bolup Global G.A.P. şahadatnamasyny aldy

17.03.2023 | 14:48 |
 Ýigit HJ Türkmenistanda ilkinji bolup Global G.A.P. şahadatnamasyny aldy

Ýigit Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup Global G.A.P. halkara şahadatnamasyny aldy, bu kärhananyň önüminiň iň ýokary hil ölçeglerine, howpsuzlyga we ekologik görkezijilere gabat gelýändigini tassyklaýar.

Ýigit — ýurtda iri pomidor öndürijileriň biridir. Hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana kombinaty Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýär we 34 ga meýdany eýeleýär. Kärhanada 600-den gowrak adam zähmet çekýär, olar her gün hünär ussatlygynyň ýokary derejesini görkezýärler. Daşary ýurt bazarynda kompaniýanyň önümi Mahmal Agroproduct brendi bilen bellidir.

ХО Ýigit первым в Туркменистане получило сертификат Global G.A.P.

Ýigit HJ-niň ýyladyşhanalary guş uçuşy belentliginden

Nädip Ýigit HJ Global G.A.P. şahadatnamasyny aldy?

Global G.A.P. şahadatnamasyny almak üçin Ýigit HJ berk auditden geçdi. Garaşsyz şahadatnama beriji gurama Control Union Certifications kärhanadaky önümçilik işiniň ähli ugurlaryna: tohumy saýlap almakdan başlap taýýar önümi gaplamak we saklamaga çenli ýokary baha berdi. Şeýle hem hile gözegçilik ulgamy, harydyň öndürijiden sarp edijä çenli ýoluny yzarlamak, töwekgelçilikleri dolandyrmak we daşky gurşawy goramak hem seljerildi.

Global G.A.P. şahadatnamasyny almak üçin Ýigit öz işine berk ölçegleri we reglamentleri girizdi. Mysal üçin, Hojalyk jemgyýeti öz pomidorlaryny zyýankeşlerden we kesellerden goramak üçin diňe howpsuz we halkara derejede tassyklanan pestisidleri we dökünleri ulanýar.

Şahadatnama almak ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýa söwdä Maksatnamasynyp goldamagynda geçirildi. Standart Hyzmat konsalting kompaniýasy Global G.A.P. standartyny ornaşdyrmaga ýardam etdi.

Ýigit HJ öz önümçiliginde ýene-de haýsy ölçegleri we reglamentleri berjaý edýär?

Kompaniýa özüniň kombinatynda we ammarlarynda arassaçylygyň ýokary derejesini üpjün edýär. Ähli işgärler işe başlamazdan öň berk lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler we ýörite iş eşigini, tomat bilen işlänlerinde ellikleri geýýärler. Kompaniýanyň hususy kir ýuwujy bölümi bardyr, önümçilikde mümkin boldugyça arassaçylygy üpjün etmek üçin ol ýerde işgärleriň iş eşikleri kadaly ýuwulýar.

ХО Ýigit первым в Туркменистане получило сертификат Global G.A.P.

Ýigit HJ-niň ýyladyşhanalarynda kemsiz arassaçylyk< sup>

Şeýle hem ýyladyşhana toplumynda tomatlar daşalanda we saklananda azyk önümleriniň howpsuzlygy baradaky ähli talaplary ýerine ýetirýärler. Ýigit pomidorlary zeper almakdan we hapalanmakdan goraýan diňe arassa we laýyk gelýän konteýnerleri ulanýar. Işgärler önümiň hilini saklamak üçin ammarlardaky we ýük daşaýjy ulaglardaky temperatura we çyglylyga gözegçilik edýärler.

Umuman, Global G.A.P. şahadatnamasyny almak — örän çylşyrymly prosess. Şahadatnama bermek 40-dan gowrak ölçegi gurşap alýar, olar hemişe täzelenip durulýar we dürli sebitlere we ekinlere uýgunlaşdyrylýar.

Mundan başga-da, kärhananyň ähli hyzmatdaşlary hem ýokary ölçeglere gabat gelmelidir. Bu bolsa Ýigit bilen hyzmatdaşlyk edýän her bir kompaniýanyň ýerli ýa-da halkara derejesinde öz şahadatnamasynyň bardygyny, meselem – standartlaşdyrma baradaky Halkara guramasyndandygyny (ISO) aňladýar.

Global G.A.P. şahadatnamasy nähili artykmaçlyklary berýär?

Şahadatnama sebäpli Ýigit öz müşderilerine we sarp edijilerine önümiň fermadan başlap saçaga gelýänçä doly aýdyňlygyny we yzarlap bolýandygyny kepillendirýär. Bu şeýle hem Türkmenistanyň oba hojalyk pudaklarynyň dürli düzümleriniň arasynda ynamyň we hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

ХО Ýigit первым в Туркменистане получило сертификат Global G.A.P.

Ýigit HJ-den ter pomidorlar Mahmal Agroproduct nyşany bilen

Global G.A.P. ölçegi boýunça şahadatnamanyň bolmagy kompaniýa işewürligii ösdürmek üçin birnäçe artykmaçlyklary berýär. Olaryň arasynda — eksport etmek üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegi, içerki bazarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy.

Global G.A.P. şahadatnamasynyň alynmagy Ýigit HJ-niň bu pudakdaky öňdeligini tassyklaýar we kompaniýanyň hemişelik ösüşe we kämilleşmäge bolan ymtylyşyny beýan edýär. Kärhana alnan resminamany telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin we daşary ýurtlara iberilýän önümiň mukdaryny artdyrmakda höweslendirme hökmünde ulanmaga niýet edinýär.

ORIENT habarlar

Foto: Ýigit HJ tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: