BelTA: Belarus ŞHG-syna agza bolmagy resmileşdirmegi iýun aýyna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär
11.03.2023 | 12:05 |Belarus Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmak üçin gerekli bolan ähli çäreleri guramanyň Delide boljak iýunda geçiriljek sammitine çenli ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Aleksandr Lukaşenko ŞHG-nyň baş sekrateary Çžan Min bilen duşuşygynda beýan etdi – diýip, BelTA habar berýär.
«Biz Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna synçy hökmünde bolmak bilen, oňa indi agza bolmaklyga çynlakaý taýýarlandyk. Şol sebäpli hem biz möhletler boýunça iýun aýyna çenli — Delide ýene-de duşuşýançak gürrüňsiz ýetişeris» — diýip, Lukaşenko beýan etdi we munuň tiz we çynlakaý depgindigini belledi.
2010-njy ýyldan bäri Belarus ŞHG dialogy boýunça hyzmatdaş bolup durýar, 2015-nji ýyldan bäri ol guramanyň synçy-ýurdy boldy. Geçen ýylyň tomsunda Belorus agza-döwlet hökmünde ŞHG-na girmek barada karara geldi we munuň üçin zerur bolan resminamalary tabşyrdy.
Şu ýylyň 9-njy fewralynda Lukaşenko degişli permana gol çekdi, ol ýurduň ŞHG-nyň agzasy derejesini almak boýunça borçnamalary baradaky ähtnamanyň taslamasyny tassyklady.
ORIENT habarlar