Iň täze habarlar

Türkmen suratkeşleriniň gözleri bilen Fransiýa syýahat – Aşgabatda « Pariž-Mary» sergisi

03.03.2023 | 17:37 |
 Türkmen suratkeşleriniň gözleri bilen Fransiýa syýahat – Aşgabatda « Pariž-Mary» sergisi

«Pariži görmek iň uly bagt. Fransiýanyň paýtagty mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy» – diýip, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýew Pariž-Mary» sergisiniň açylyş dabarasynda ýatlaýar.

1-nji martda Aşgabatdaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda açylan sergide dürli ýyllarda Pariždiň abraýly sungat şäheriniň rezidensiýasynda zähmet çeken türkmen suratkeşleri Annadurdy Myradalyýewiň, Tokar Tugurowyň, Kössek Nurmyradowyň we Gurbangeldi Gurbanowyň işleri görkezildi.

1677754602298.JPEG

Her bir surat Parižiň täsin bir bölejigini, onuň taryhyny, binagärligini, özüne çekiji howasyny görkezýär. Suratkeşleriň eden işlerinde gabat gelýän türkmen reňkli elementler Ýewropa we Aziýa medeniýetleriniň sazlaşykly utgaşmasyny döredýär.

– Men döredijilik mekdebi Türkmenistanyň medeniýetinde aýratyn sahypa bolan, Marynyň suratkeşleri bilen köpden bäri gowy gatnaşyk gurup gelýärin. Biziň häzirki awtorlarynyz diňe Pariže baryp görmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýerde birnäçe aýlap ýaşamaga, ussahanada işlemäge we özbaşdak sergileri geçirmäge mümkinçilik aldylar – diýip, çäräni guraýjy, Aşgabatdaky Fransuz institutynyň müdiri Romen Guwerne aýdýar.

1677754471533.JPEG

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Isabelle Gineliň belleýşi ýaly, türkmen we fransuz surat mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň köptaraply tejribesini görmek bolýar. Häzirki duşuşyk bolsa, iki ýurduň arasyndaky medeni gepleşikleriň ösüşiniň aýdyň tassyklamasydyr.

1677754538791.JPEG

Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabatda zähmet çekýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, jemgyýet köpçüligi we ýaşlar gatnaşdylar.

1677754624120.JPEG

Hödürlenen eserleriň arasynda Kössek Nurmyradowyň binagärlik ýerleri we Fransiýanyň paýtagtynyň esasy nyşany – Eýfel diňi şekillendirilen «Pariž» suraty bar.

Ýöne Tokar Tugurowyň «Düýeler» suratynda bu diňiň şekli, «çölüň gämileri» bilen gurşalan we şolaryň ony ýetirip biljek uzak ýurtlary arzuw edýän oglanjygyň futbolkasynda şekillendirilýär.

1677754639309.JPEG

Tokar Tugurowyň aramyzdan aýrylanyna on üç ýyldan gowrak wagt geçse-de, özüniň baý döredijilik durmuşynda bir wagtlar myhmansöýerlik bilen garşy alan Pariž hakda türkmen suratkeşleriniň ýakymly ýatlamalary ýaly, onuň hatyrasy hem şu güne çenli saklanyp gelýär.

Artur PETROSÝANS

Foto: awtoryň

Şeýle hem okaň: