Iň täze habarlar

Türkmen diplomatiýasy barada graffiti

20.02.2023 | 08:33 |
 Türkmen diplomatiýasy barada graffiti

Hakyky diplomatiýa – ýaragsyz ýeňmek sungaty. Onuň täji, şol hem hemme döwürleriň maksady – ählumumy derejede parahatçylygy berkarar etmek. Bu ymtylyş hakyky diplomatiýa üçin, gan döküşiksizlik arkaly ylalaşmagyň hasabyna halkara derejesindäki gapma-garşylyklary çözmegiň guraly hökmünde oýlanylan diplomatiýa üçin ugur alynýan ýörelgedir.

Bitaraplyk, öz nobatynda, -- munuň özi ýurtlaryň hem-de halklaryň bilelikde parahat ýaşamagy ugrunda ähli taraplar bilen, hatda, ýaraşdyryp bolmajak garşydaşlaryň arasynda bähbitleriň umumy ýakynlygyny tapmagy başarmakdyr.

Şeýlelikde, diplomatiýa we bitaraplyk özarasynda örän ysnyşykly arabaglanyşyklydyr. Edil bir-biri bolmasa, oňup bilmeýän, ýöne, biri-biriniň üstüni ýetirýän In we Ýan ýalydyr.

Ine-de, şenbe güni bitarap Türkmenistan öz diplomatlaryna hormat bildirdi we muny olaryň hünär baýramynda ýerine ýetirdi. Munuň özi daşary syýasy ulgamyň ozaldan işläp gelýän işgärleriniň işine baha bermekden başga-da, olaryň şägirtleriniň işleriniň gözden geçirilişine beslendi.

2. Зал.jpg

Milli senenamanyň baýramçylyk senelerinde Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni 18-nji fewralda bellenen. Ýöne, bu waka bagyşlanylan çäreler – dabaraly, akyl-paýhas, döredijilik we sport çäreleri üç gün dowam etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan konsert baýramçylygyň jemleýji wakasy bolup ýaňlandy.Onuň dowamynda geljekki diplomatlar, häzir bolsa heniz talyplar türkmen dilindäki aýdymlardan başga-da, rus we iňlis, hytaý we hindi, arap we türk, nemes we ispan dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Elbetde, konsertiň dowamynda ýakyn goňşy halklarymyzyň dillerinde-de – azerbaýjan, özbek, gazak we täjik dillerinde aýdymlar ýaňlandy.

Elbetde, geljekki diplomatlaryň ýakyn geljekde özleriniň jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmeli boljak ýurtlarynyň medeniýeti we sungaty barada aň-düşünjelere eýe bolýandyklaryny mübäreklemek gerek.

... Eger häzirki dünýäde sportuň syýasatlaşdyrylmagy adamlary biri-birinden daşlaşdyrýan bolsa, Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan çäreleri guraýjylar bu baýramçylyk mynasybetli däp boýunça geçirilýän ýaryşlaryň adamlary ýakynlaşdyrmagyny gazanmaga çalyşdylar.

3. Кубки.jpg

Şu maksatlar bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde sportuň bäş görnüşi – uly we stol üstündäki tennis, woleýbol, bouling we futbol boýunça ýaryşlar geçirildi.

5. Первое место.jpg

1-3 orunlary eýelän toparlara kuboklar, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow tarapyndan gol çekilen degişli medallar we şahadatnamalar gowşuryldy.

6. Боулинг.jpg

Ýaryşlaryň ilkinji gününde bouling boýunça ýeňijiler we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Täjigistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin altyn medal gazandy, onuň yz ýany bilen degişlilikde kümüş we bürünç medallary eýelän Palestinanyň hem-de ABŞ-nyň attaşesiniň wekilleri boldular.

7. Настольный теннис.jpg

Stol üstündäki tennis boýunça oňat sport taýýarlygyny görkezen Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen ýokary bahalara mynasyp bolan ähli yhlaslaryna garamazdan, baýrak eýeleriniň ilkinji üç ornuna ýetip bilmedi.

Hormat münberinde orunlary: ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgäri (altyn medal) we Birleşen Milletler Guramasynyň iki sany wekili (kümüş we bürünç medallar) eýelediler.

Diplomatik wekilhanalaryň futbol toparlarynyň arasynda ýiti göreş ýaýbaňlandy.

8. Футбол.jpg

ABŞ-nyň, Kataryň ilçihanalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de biziň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň toparlary ýarym finala çykdylar.

BMG-niň toparynyň ÝHHG-niň we Ýewropa bileleşiginiň oýunçylary bilen güýçlendirilendigini takyklamak gerek, şoňa görä-de ony “Halkara guramalaryň ýygyndy topary” diýip atlandyryp bolar. Şol topar hem bürün medallar ugrundaky göreşde Kataryň topary bilen güýç synanyşdy.

“Halkara guramalaryň ýygyndy toparynyň” hasaby ilkinji bolup açandygy geň däldir, ýöne, katarlylara geçirilen pökginiň jogabyny bermek başartdy. Ondan-da daşary olar ýakynda öz watanlarynda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünliklerinden ruhlanan kimin 2-1 hasabynda öňe saýlandylar.

“Halkara guramalaryň ýygyndy toparynyň” güýçlendirilen düzüminiň hasaby deňländigine garamazdan, katarlylar garşydaşyň derwezesine hüjümlerini dowam edip, ýeňiş gazanmaga çalyşdylar. Emma, garşydaşyň göýä jadylanan ýaly derwezesine pökginiň geçesi gelmedi.

Final duşuşygy has-da dartgynly boldy, şonda ABŞ-nyň ilçihanasynyň we türkmen DIM-niň ýygyndy toparlary duşuşdylar. Birleşen Ştatlaryň Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Aşgabatda däp boýunça geçirilýän futbol ýaryşynyň häzirki çempionlarydygyny ýatladýarys. Geçen ýyl amerikalylar türkmen DIM-niň toparyny dartgynly duşuşykda ýeňdiler.

Şu ýyl ABŞ-nyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň ýygyndy toparlaryna Hytaýyň we Italiýanyň toparlaryndan gazanan ýeňil bolmadyk ýeňişleri finala tarap ýoly açdy. Amerikalylaryň şu ýaryşda hem ilkinji minutlardan pökgä erk edip hem-de oýnuň birinji ýarymyny uly artykmaçlyk bilen tamamlap, geçen ýylky üstünligini gaýtalamak isländikleri aýdyň göründi, munuň şeýledigine 3:1 hasaby şaýatlyk edýär.

Emma, gysga wagtlyk arakesme türkmen diplomatlarynyň peýdasyna boldy. Olar duşuşygyň ikinji ýarymynda oýny deňlemegi başaryp, hasaby deňlik netijesine getirdiler. Mundan başga-da, emele gelen joşguna beslenen ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýygyndy toparynyň oýunçylary amerikalylaryň yhlas bilen garşylyk görkezendiklerine garamazdan, dördünji pökginiň hem olaryň derwezesine geçmegini gazandylar.

Göräýmäge, oýun tamamlanan ýalydy, ony jemlemek galypdy, ýöne, ABŞ-nyň ilçihanasynyň ýygyndy topary boýun bolmak islemeýärdi we onuň janypkeşligi DIM-iň derwezesine goluň geçmegi bilen mynasybete eýe boldy. Bu bolsa amerikan diplomatlaryny oýny täzeden başlamak bilen ony ýeňmäge bolan umyt bilen ruhlandyrdy. Ýöne, geçirilen gol türkmen DIM-niň wekillerini sportdaky ýaly, şeýle bir hüjüme geçmäge mejbur etdi, olaryň hüjümleri dyngysyz boldy hem-de galan wagtyň dowamynda garşydaşyň derwezesine ýene-de iki pökgini geçirdiler.

Görnüşi ýaly, türkmen futbolçylary Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda şu ýyl geçirilen ýaryşyň dünýä çempiony boldular.

9. Шлапаченко.jpg

Ikinji günde uly tennis boýunça ýaryşlarda Pakistanyň attaşesi (altyn medal), BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko (kümüş medal) we Hindistanyň ilçihanasynyň işgäri (bürünç medal) üstünlik gazandylar.

Woleýbol boýunça bolsa hormat münberinde orunlar aşak düşýän tertipde ABŞ-nyň, Türkmenistanyň DIM-niň we Hindistanyň toparlarynyň wekilleriniň arasynda paýlanyldy.

10. Награда Волейбол.jpg

...Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki sport çäreleriniň hem-de Halkara gatnaşyklar institutyndaky konsertiň öňüsyrasynda breýn-ring geçirildi. Bu barada ORIENT ozal ýazypdy.

Ýurduň diplomatik işgärleriniň bilim ojagy – Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i talyplaryň arasynda akyl-paýhas oýnunyň ýeňijisi boldy. Ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň güýçli toparyndan öňe geçdi. Üçünji orny Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti eýeledi.

11. Конференц-зал.jpg

“Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat diplomatik ulgamynyň işgärleriniň baýramçylygynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Oňa ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professo-mugallymlar düzümi, jemgyýetçilik guramalaryň hem mass-medianyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumynň dowamynda wise-premýer, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň MA üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMGÖM-niň hemişelik wekili Narina Saakýan, ÝUNISEF-iň wekili Muhammet Faýýazi, Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Gülşat Ýusupowa we beýlekiler hasabatlar we maglumatlar bilen çykyş etdiler.

12. Награды ветеранам.jpg

Ylmy forumyň çäklerinde ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomatik ulgamynyň weteranlaryna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.

Bu ýokary hormata BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekil Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň ABŞ-ky ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň GFR-ky ilçisi Berdimyrat Rejepow, ýurduň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri Amangeldi Rahmanow hem-de şol ýokary okuw mekdebiň dosenti Çary Nyýazow mynasyp boldular.

Diplomatik gullugyň uly halypalary bilen bir hatarda, ýaş hünärmenlere, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym-talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.

13. Выставка ОБСЕ.jpg

Ýokarda ýatlanyp geçilen sergi barada aýdylanda, onuň bölümleri Türkmenistanyň diplomatik işiniň hem-de daşary syýasy giňişlikde onuň hyzmatdaşlarynyň ähli gerimini gurşap aldy.

14..jpg

Owadan sergi şatlykly gülkülere hem-de hakyky dostana söhbetdeşliklere beslendi. Oňa gatnaşyjylar gapma-garşy häsiýetli daşary syýasy doktrinasyny we ideologik garaýyşlaryny durmuşa geçirýän ýurtlara wekilçilik etseler-de, dostlukly duşuşyklar gurşap aldy.

Eýsem-de, diplomatlaryň birek-birege şeýle gatnaşyklary hormata mynasyp dälmidir?

15.jpg

Türkmen diplomatlarynyň baýramçylygyna bagyşlanan dürli çärelere baý bolan üç gün şunuň ýaly oňat duýgulara beslenen ýagdaýda geçdi.

16..jpg

18.jpg

20.jpg

22.jpg

Bekdurdy AMANSARYÝEW
Video: Suleiman CHARYEV

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: