Iň täze habarlar

Zehinli hudožnik we zabun konditer Bäşim Soltanow bilen söhbetdeşlik

01.02.2023 | 12:41 |
 Zehinli hudožnik we zabun konditer Bäşim Soltanow bilen söhbetdeşlik
 Zehinli hudožnik we zabun konditer Bäşim Soltanow bilen söhbetdeşlik
 Zehinli hudožnik we zabun konditer Bäşim Soltanow bilen söhbetdeşlik
 Zehinli hudožnik we zabun konditer Bäşim Soltanow bilen söhbetdeşlik

Aşgabat. «Ýunus» restorany. ORIENT iň gowy konditer-dizaýneriň biri, «Ýunus» nyşanyny esaslandyryjy we Russiýanyň «Konditer» aşpezlik şou gepleşigine gatnaşyjy Bäşim Soltanowyňkyda myhmançylykda.

— Ine, häzir biz meniň restoranymda otyrys. Bu ýerde ähli zatlary meniň özüm ýerine ýetirdim: dizaýnyny, bezegini — hemmesini özüm oýlap tapdym. Men, umuman, kärim boýunça suratkeş, men kiçijikligimden surat çekip başladym, 80-nji ýyllarda Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebine gatnadym. Çeperçilik mekdebinden soň uçilişede okadym, soňra bolsa ýokary bilim aldym – medeniýet institutynyň dizaýnerlik bölümine girdim. Çagalykdan men köke bişirmäni halaýardym. Kä bolýardy, kä-te asla bolanokdy, men şoňa köp wagtymy sarp edýärdim… Elbetde, garyndaşlarym meniň üstümden gülýärdiler, nähili bolýandygyna özüňiz düşünýäňiz. Ähli zat şeýle başlandy.

Surat çekmek gowy bolýarmy ýa-da tagam bişirmek?

— Edil häzir mende ikisi hem gowy bolýar: ikisinem birbada alyp barýan. Maňa hiç kim aýratyn ynanyp baranokdy — bu ýoldan gitmeli däldigimi aýdýardylar. «Sen gowusy git-de ulag bejersene» ýa-da «saňa surat çekmek nämä gerek?» diýýärdiler. Özüňiz bilýärsiňiz, bu çynlakaý kär hökmünde kabul edilenok. Meni muňa hiç kim iteklemedi, men öz ýolumy özüm saýladym. — Siziň süýjülikleriňizi beýlekileriňkiden tapawutlandyrýan taýýarlanyş aýratynlyklaryny atlandyraýyň?

— Meniň iň ýörgünli tortum bardy we ol 2000-nji ýyllardan bäri entekler hem ýörgünli. Ol hemmelere ýaraýan we köp isleg bildirilýän tortdy we häli-häzirem ýaraýar. Ol — «Şarlot», has anygy — bu tortdaky hemmeleriň halaýan guş süýtli kremi. Bu meniň esasy oýlap tapan zadym, şondan hem başladym. Hemmeler «Ýunus tort», «Bäşim tort» diýýärdiler, şondan bäri 25 ýyl geçdi, häzirem ony sargyt edýärler. Düzümini, taýýarlanylyşyny doly özüm oýlap tapdym. Ol meniň «nusgawy işim» diýsem ýalňyşmarys. Men süýjüligi halaýaryn, çagalykda, aýratynam, ýumurtganyň agyndan edilen bezäni halaýardym. Ýöne häzir men süýji zat iýemok, olaryň hemmesi geçdi…

Siziň pikiriňizçe, türkmen öý bikeleri desert taýýarlamakda nähili ýalňyşlyklary goýberýärler?

— Men bir zada göz ýeterdim, ol hem soňky 3 ýylda biziňkiler desertleriň taýýarlanyş tehnologiýalarynyň yzyndan ýetip bilenoklar. Diýeli, biziň öý bikelerimiziň köpüsi çalnan mesgä goşulmaly däl ingrediýetleri goşup goýberýärler. Käwagt garyşdyrýarlar, ýöne her zadyň öz tehnologiýasy bar. Mende desertleri taýýarlamagyň tehnologiýasy boýunça köne sowet okuw kitaplary bar we meniň görýän ownuk ýalňyşlarym – ol azyk sodasynyň goşulmagy. Soňra netijede desert azajyk turşy bolýar we ysy bildirýär. Ýöne elbetde, hakykatdan-da gowy etmäge synanyşýanlar we gowy bişirýänler köp.

A siziň özüňiz haýsy desertlere tapawut goýýarsyňyz?

— Öz desertlerime (gülýär). Eklerleri, tiramisu, nusgawy çizkeýkleri halaýaryn (öz edýänlerimi).

Desertler – düzgün boýunça, zyýanly. Sizde şekeri köp adamlara iýmek bolýan zyýansyz süýjülikler barmy ýa-da berhiz saklaýanlar üçin bolýany barmy?

— Süýji keselliler üçin tort bolmazmyka diýýän… Isleseň-islemeseň şeker ulanmaly bolýar. Elbetde, mukdaryny çäklendirip bolýar, ýöne şekerini kemeldeniň bilen ol berhiz torty bolanok. Türkiýedäki ýaly berhiz pahlawa edilişi ýaly, emma ol berhiz bolup bilmez, sebäbi hamyr we şeker şiresinden edilýär! «Süýjülik» we «desert» sözleri meniň pikirimçe, berhiz bilen asla sazlaşanok. Elbetde, şekeriň ýerini tutujylary ulanmak bolar, ýöne olar has-da zyýanly, bu islendik ornuny tutuja degişlidir, sebäbi olar tebigy däl.

Bäşim Soltanowyň desertlerini näçe köp iýip bolýar?

— Hepdede bir-iki gezek iýseň bolar…

Siz meşhur adamlary şekilledirip, süýjülik taýýarlaýarsyňyz. Soňky işiňiz barada gürrüň beräýiň.

Талантливый художник и брутальный кондитер – интервью с Бяшимом Солтановым

— Meniň soňky işim – Habib Nurmagomedow, bu işim gowy çykdy, ol kemsiz iş boldy. Birnäçe günden täze şekili taýýarlajak, men özüme ýaraýanyny saýlaýaryn. Men sargyt bolmadyk tort edemde, ýörite nusgalyk ulanýaryn. Öňräk men bir şekilli tort taýýarlap, oňa “Ol” diýip at goýdum, men şonuň ýaly tortuň ikisini satdym – ony zenanlar ýanýoldaşlarynyň doglan gününe sargyt etdiler.

Талантливый художник и брутальный кондитер – интервью с Бяшимом Солтановым

Olary nähili kesmeli? Kynmy?

— Her dürli usulda kesip bolýar. Mesele däl. Men tortlary ýasaýaryn. Mysal üçin, Habib Nurmagomedowyň torsy – tortdy, a kellesi içi boş şokolad şary, daşky bölegi plastiki şokoladdan edildi. Şunda kelläni çaý bilen içip bolýar, ol adaty şokolad… Başga tehnologiýa – mastikada şekil çekmek.

Şunuň ýaly torty taýynlamak üçin näçe wagt gerek bolýar?

— Dogrusyny aýtsam, nähili ediljekdigini pikir etmekden başlap, taýýar tort ýagdaýyna getirýänçäm – irden başlap, agşama bitirip bilýärin, elim tiz işleýär. Eger howlukman etsem, onda — 2-3 günde taýýar bolýar. Ýöne, umuman alaňda, portretleri bir günde edip bilýärin. Häzir, ynha, Uinzdeýi ýasaýaryn. Onuň 4 seriýasyna tomaşa etdim, şeýle hem «Kagyzdan ýasalan öý» serialyna tomaşa etmegi halaýaryn. Düýn ony başladym, bu gün tamamladym, ýöne entek çykarmadym (ýerli-ýerine goýup çykmadym), onuň portreti taýýar. Owadan çykar. Umuman, men ýaşlykdan portret çekmäni halaýardym, ýogsa bu suratyň kyn görnüşi.

Sizde haýsy meşhurlyk hemmesinden süýji boldy?

Gülşat Gurdowa… Ol, öz doglan gününe edilen tortdan diýseň hoşal boldy.

Талантливый художник и брутальный кондитер – интервью с Бяшимом Солтановым

Siziň tortlaryňyzdaky ähli zatlary iýmek bolýarmy?

— Tortuň özeni bolan demir saklaýjydan başga ähli zatlary iýip bolýar. Şeýle görünýän zatlaryň ählisi iýip bolýan zatlar. Ownuk iýmit simjagazlary seýrek ulanýaryn, olary Moskwadan sargyt edip getirdýärin. Olary tortlary döretmekde ulanýaryn, olary bütin dünýäniň konditerleri ulanýarlar. Ol iýmit bilen gowy özara täsire girýär, iýmit plýonkasy ýaly, önümlere hiç hili zyýan berenok.

Şunuň ýaly tortlary haçan edip başladyňyz?

— Bütin dünýäde pandemiýa başlap, araçäkler ýapylanda. Men tortlar bilen golaýda, iki ýyl mundan ozal meşgullanyp başladym. Ýürekgysgynç bolýardy, hiç ýere gidip bilemizok. Ilki bilen özümi ýasadym. Süýji boldy.

Eýýäm köp etdiňizmi?

— Ýeterlik derejede köp. Sargytlar durnukly. Her gün toýlara we şuňa meňzeşlere sargyt edýärler, Suratlary seýrek sargyt edýärler, esasan, nusgawy tortlary buýurýarlar. Ýöne maňa şunuň ýaly heýkelleri etmek gyzykly, sebäbi olary men özüm taýýarlaýaryn. Adatylaryny sehdäki öz toparyma ynanýaryn. Çynlakaý sargyt bolanda, özüm durýaryn. Meniň toparymda güýçli konditerler bar, olary özüm saýlap aldym.

Bahalar barada biraz aýdaýyň: Sizde tort sargyt etmegiň bahasy näçe?

— Adaty sargyt tortlar: kilogramy 300 manatdan, muňa bezegi hem girýär. Müşderiler «Bu baha bezegi bilen birlikdemi?» diýip soranlarynda, men geň galýaryn, sebäbi käbirleri bezegi üçin aýratyn baha alýarlar, tort üçin aýratyn. Hatda simjagaz üçin käwagt aýratyn alýarlar. Ortaça tort 3 kg-a golaý çykýar. Çekilen portretleriň bahalary 7-8 müň manatdan başlanýar, Habibiň şekili ýaly kelleli bolsa 12 müň manat.

Nakgaşlygyň nepis eserleri asyrlap saklanýar. Size öz eserleriňiziň ykbalyna syn etmek gynançly dälmi?

— Ýok (gülýär), hakykatda, maňa bu soragy köp kişi berýär, aýratyn hem, Instagramdaky belliklerde, emma örän owadan çekýändigimi belleýärler, ýöne ony iýmite ýaýratmak bolanok. Mende şunuň ýaly boldy — sungatyň täze şahasy. Suraty köpden bäri çekemokdym, emma käwagt ylham joşýar, Anželina Joliniň suratyny çekerdim, Beýonsyňkyny çekdim.

Tortuň bahasy müşderiniň görmegeýligine baglymy?

— Ýok (gülýär). Onuň ýaly zat ýok. Ýöne eger adamy boýy bilen ýasasaň, onda material köp gider.

Siz «Konditer» şou gepleşigine gatnaşdyňyz, siz bu şoudaky öz üstünligiňize nähili baha berýärsiňiz? Ýene-de bir ýere gatnaşmagy meýilleşdirýärsiňizmi?

— Eger çynymy aýtsam, gyzyklanma üçin gatnaşdym. Diňe gyzyklanma üçin gitmäge razylaşdym, ondan öň maňa «Size Agzamowyň şou gepleşigine gatnaşmak gerek!» - diýip köp ýazdylar. Juda köp ýazdylar… Gidemden soň, munuň meniň derejäm däldigine düşündim. Maňa ol ýerde güýçli bäsdeşleriň boljakdygyny aýdypdylar, ýöne baram soň onuň ýalylary görmedim. Ýöne barybir ýakymly boldy. Gyzykly… Ýeňdim ýa-da ýeňmedim, hatda gynanmadymam, gowy tejribe boldy. Olaryň medaly üçin göreşemok we entek haýsydyr bir ýere gatnaşmagy meýilleşdiremok, ýöne Ýewropadan dünýä derejesinde köp teklipler gelýär. Meniň janköýerlerime garaşylmadyk habar bar, Beýik Britaniýadan örän möhüm habar geldi, ýöne entek aýtjak däl. Master-klaslara köp çagyrýarlar…

Işiň başy şowsuz bolýar diýýärler, biziň görşümiz ýaly, siziňki gaty şowly çykdy, aýdyp-diýer ýaly däl. Nädip beýle bolýar?

— Özümi ölçeglerim we möçberim boýunça deňme-deň ýasadym. Muňa beren jogaplary uly boldy, bu maňa köp güýç berdi, has köp we has gowy edesim geldi. Bu goldaw berýär.

Siziň konditer önümleriňiziň, tortlaryňyzyň öz nyşany bar we öz restoranyňyz bar. Olara näme üçin «Ýunus» diýilýär?

— Мeniň üçünji oglumyň ady Ýunus. Ol 2002-nji ýylda doglanda, men öz işime başladym, şonda men yhlas bilen işjeň bişirýärdim. Oglumyň hormatyna kafe açmagy ýüregime düwdüm. Öň meniň söwda nokatlarym bardy, ýöne soňlugy bilen olary ýapdym. Desert dükanyny açmagy meýilleşdirýärin.

Siz öz tortuňyz üçin gahrymany saýlanyňyzda, nämeden ruhlanýarsyňyz?

— Maňa keşpler ýaraýar. Men bu nazardan örän ynjyk adam. Elbetde, her gün täze film çykýar, täze ýyldyzlar peýda bolýar. Ýöne men aýdyň keşpleri halaýaryn.

Талантливый художник и брутальный кондитер – интервью с Бяшимом Солтановым

Siz şou gepleşikdäki söhbetdeşligiň bir ýerinde konditere däl-de, etçä meňzeşdigiňizi aýtdyňyz. Sizi konditerçilikden başga haýsydyr-bir aşpezlik işi gyzyklandyrýarmy?

— Nahar bişirmäni halaýaryn, erbedem bolanok, ýöne elbetde öz edýän işimi üýtgetmegi meýilleşdiremok.

Palaw süýji bolýarmy?

— Ýok, palaw o diýen datly bolanok…

Aşpezlik kärinde üstünlige nähili ýetmeli?

— Maksada gönükdirilmek. Maňa çagalykda köpleriň garşy bolandygyna garamazdan, maňa maksada okgunlylyk ýetmändi. Men kyn zatlary etmegi halaýardym we şonam halaýardym. Şeýdip meňki ugruna boldy. Beýlekileriňki orta dereje bolsa, meňki iň ýokarysydy. Meni abstraksiýa, sýurrealizm ruhlandyrýar. Pikasso, Dali, taryh — by meni ruhlandyrýar, sebäbi men ony halaýaryn. Pikirlenýärin, belki-de Mona Lizany ederin, gyzykly bolar…

Meniň durmuşymda meni we meniň başlangyçlarymy goldan adamlar boldy, ýöne, umuman, men öz bilimime we başarnygyma bil bagladym. Çagalykdan aşpezlik kitaplaryny okadym we taýýarlanyş usullaryny öwrendim. Ejeme ýa-da eneme kömek etmäge rugsat berenokdylar. Käýeýärdiler, şonsuz bolanokdy (gülýär), önümleri zaýalaýardym… Ýöne bu şol wagt şeýledi.

Iň gowy bişiren ilkinji zadym - bally gatlakly süýjülik boldy (medowik)… Süýji boldy… Kitap boýunça edipdim, öňki 80-nji ýyllarda. Ol gaty gowy bolupdy. Ony taýýarlamagam aňsat däldi. Ýaýmaly bolýardy, häzir köpden bäri ony edemok, örän seýrek edýän.

Siz günde näçe sagat işlýärsiňiz?

Ortaça 5-6 sagat işleýän. Jogapkärli sargytlar bolanda, tutuş güni aşhanada geçirip bilýärin.

Siz berk tutýan başlykmy?

— Hawa, berk tutýan. Meniň öz konditer sehim bar, toparym bar. Men berk tutýan ýolbaşçy, şeýle boldy (gülýär).

Siziň çagalaryňyz aşpezlik bilen gyzyklanýarlarmy?

— Hawa, ýuwaşjadan başlaýarlar, olara ýaraýar. Bu juda gowy.

Siz 15 ýyldan özüňizi kim hökmünde görýärsiňiz?

— 65 ýaşly goja bolaýmasa. Göreris… Bir zady anyk aýdyp bilýärin: hiç haçan Türkmenistany terk etmen, ýöne soňky ýyl daşary ýurtlardan köp çakylyk geldi. Moskwa çagyrýarlar. Öz watanymy hiç zada çalyşmaryn, ol maslahatlaşylmaýar. Ata Watanyňy nädip terk edip bolar? Men diňe şu günüm bilen ýaşamok, meniň maksatlarym kän. Eger-de haýsydyr başga bir ugurdan kämilleşmeli bolsam, ol nakgaşlyk bolar.

Siz bagtlymy?

— Hawa.

Köp sag boluň!

Biziň daşyndan göräýmäge haýbatly we zabun söhbetdeşimiz tutuş ýurduň türkmen paýtagtyndan baran konditere janköýerlik eden telewizoryň ekranyndaky ýaly açyk göwünli bolup çykdy. Ol dymma adama meňzese-de, biziň ähli sowallarymyza jaýdar jogap berdi, söhbete höweslidigini we gürrüňdeşlige teşnedigini görkezdi, bu bolsa onuň gelen myhmanlar üçin ýürek törüniň mydama açykdygyny görkezýär.

Foto: instagram.com / @y.cakes.by.byashim

Şeýle hem okaň: