Iň täze habarlar

200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar

26.01.2023 | 22:27 |
 200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar

200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde mälim etdi.

Alymlaryň uly topary, şol sanda Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň alymlary Russiýanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça häzirki wagta çenli diňe kitap görnüşinde bolan ensiklopediýanyň sanly görnüşini döretmek işine girişdiler.

TASS Sadowniçiniň: “Bu täze URE-nyň elektron ýygyndysynda maglumatlaryň doly, dogry we döwrebap bolmagyna biz jogapkärdiris. Biz ýakynda MDU-niň Çylşyrymly ulgamlaryň matematiki barlaglary institutynda ýurtdaky bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmesini utgaşdyrmaga gönükdirilen laboratoriýa döretdik. Bu diňe bir matematika däl, tutuş russiýa ensiklopediýasy, bu biziň “Britannikamyz”. Bu meseläni çözsek, biziň üçin ägirt uly üstünlik we ähmiýetli iş bitirdigimiz bolar" – diýen sözlerini getiýär.

ORIENT news

Foto: tonkosti.ru

Şeýle hem okaň: