Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreşmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
26.01.2023 | 15:36 |Adam söwdasynyň öňüni almak we onuň pidalaryny ýüze çykarmagyň meseleleri BMG-niň Aşgabatdaky Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNP OON) tarapyndan geçirilen seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyk Aşgabadyň Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda geçirildi. Bilermenler seminara gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreşmekdäki öňdebaryjy tejribe we onuň öňüni almagyň strategiýalary bilen tanyşdyrdylar.
Degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri bu ugurda jemgyýetçilik gurluşlary we gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, jemgyýetçiligiň adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin dürli kampaniýalaryň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.
ORIENT habarlar