Iň täze habarlar

Ýanwaryň üçünji hepdesiniň iň gowy onlaýn premýeralary we seriallary

23.01.2023 | 19:32 |
 Ýanwaryň üçünji hepdesiniň iň gowy onlaýn premýeralary we seriallary

Bu hepde filmlere we seriallara tomaşa edip, wagt geçirmegi halaýanlar üçin iň köp garaşylýan hepdeleriň biri boldy. Onlaýn-kinoteatrlarda we TW-de gyzykly filmleriň birnäçesiniň ilkinji görkezilişi boldy. ORIENT dürli žanrlardaky iň gowy täze filmleriň we seriallaryň sanawyny düzdi.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Biziň birimiz (The Last of Us) (ilkinji görkeziliş - 15-nji ýanwar)

Serial şu ýylyň iň köp garaşylýan filmleriniň biridir. Birinji hepde oňa eýýäm köp tomaşa edildi we meşhurlygy boýunça HBO-da diňe “Aždarhanyň öýünden” yza galyp, ikinji orunda düşdi.

The Last of Us 2013-nji ýylda çykan edil şu at bilen şekilli oýnuň esasynda düşürilendir we eýýäm şol wagt hite öwrülipdi. Kompýuter oýnuny halaýanlar serialyň çykmagyna öňden bäri garaşýardylar.

Sýužet boýunça 2003-nji ýylda planetada mutirlenen kömelek tarapyndan dörän pandemiýa başlanýar. Sporlardan dem alanlarynda ýa-da ýokuşan adamlar bilen gatnaşyk edenlerinde adamlara şol kesel dessine ýokaşýardy, şondan soň olar zombilere öwrülýärdiler. 20 ýyldan soňra Ýer şarynyň ilatynyň köp bölegi heläk bolýar, ýöne adamlarda 14 ýaşly gyz Elli umyt döredýär, gaçakçy Džoele ony lukmana görkezmek üçin betbagtçylykdan soňky dünýäde tutuş Amerikadan geçirmeli bolýar. Belki-de Elliniň bu ýokanja garşy immuniteti bar bolmagy mümkindi.

Serialyň birinji möwsümi 9 bölümden ybarat, täze seriýalar bolsa her ýekşenbe güni görkeziler.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Örän täsin gelmişek (ikinji görkeziliş – 18-nji ýanwar)

Fantastikanyň elementleri bilen gülküli elhenç filmi dostlar topary bolup tomaşa etse bolar. Sýuşetiň merkezinde oglan we gyz dogan Lýuk we Mimi esasy gahrymanlar bolup, olar gadymy artefakt bolan täsin keramatly daşy tapýarlar, ol daş bolsa başga planetadan bolan monstry dolandyrýar.

Mimi daşy özüne alýar, gelmişek bolsa bet niýetli gyzyň samsyjak ynjyklyklaryny ýerine ýetirmeli bolýar. Edil şol wagt galaktikalaryň arasyndaky koalisiýa özleriniň öňki duşmanynyň Ýerde täzeden janlanandygyny bilýärler, şondan soň ony ýok etmek baradaky karara gelýärler.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Bezsonow (ilkinji görkeziliş – 16-njy ýanwar)

Rus taryhy serialy bolup, onda öň bikärçilik edip wagtyny geçirýän ýaş knýaz özüniň hakyky wezipesini tapýar – işleriň üstüni açmak we derňew polisiýasynda işlemek. Ol XIX asyryň ahyrynda Sankt-Peterburgda jenaýatlary derňäp başlaýar. Birinji möwsüm 20 seriýadan ybarat, taryhy detektiwleri halaýanlar oňa şu wagt tomaşa edip bilerler.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Çagalara bir zat bolýar (ilkinji görkeziliş – 17-nji ýanwar)

Şäheriň daşynda dynç almak kararyna gelen iki maşgala baradaky amerikan detektiw eýmenç filmi. Gelenlerinden soň bir jübütiň çagalary ýitýär, soň gaýdyp gelýärler we özlerini geň-taň alyp barýarlar. Filmiň örän gyzykly sýužeti bolup, ol ilkinji minutlardan özüne çekýär.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Gargyş. Gan kitaby (ilkinji görkeziliş - 19-njy ýanwar)

Şu hepdede çykan ýene-de bir eýmenç film “Gyzyl kitabyň adaty” mistiki oýuny oýnaýan dostlar kompaniýasy hakynda. Her kim gezegi boýunça şem ýakýar we kitaba öz soragyny berýär. Ilkinji soragdan gahrymanlar özleriniň otagda ýeke däldiklerine düşünýärler, gadymy kitap bolsa kem-kemden öz taryhyny gürrüň berip başlaýar. Diňe kitabyň rugsadyny alyp oýundan çykyp bolýar, ýöne ol hiç kimi goýbermek islemeýär.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Fandorin. Azazel (ilkinji görkeziliş - 19-njy ýanwar)

Erast Fandorin hakyndaky rus detektiw serialy — iň meşhur sülçi, ol 1917-nji ýylyň rewolýusiýasynyň başa barmadyk we Rus imperiýasynyň dowam edýän dünýäsinde ýaşaýar. Ol patyşa Nikolaý III döwründäki iň çolaşyk işleri derňeýär. Detektiw 6 seriýadan ybarat, ol her hepdäniň penşenbe güni görkezilýär.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Ýyldyrym çaltlygynda! (Ilkinji görkeziliş – 19-njy ýanwar)

Maşgala bolup seretmek üçin gyzykly komediýa. Filmiň başynda Ipohondrik Rikardony çagalary otlyda Asturiýadaky lagere alyp gitmek üçin ugradýarlar. Felipe ata bilen ol perrona çykýar, ýöne olar yzyna girip ýetişmeýärler. Otly ulularsyz çagalary alyp gidýär we şol wagtdan hem gülkünç başdan geçirmeler başlanýar.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов третьей недели января

Şelkunçik we jadyly fleýta (ilkinji görkeziliş – 19-njy ýanwar)

Kiçijik Mari barada multfilm, ol özüniň janlanan oýunjaklary bilen Şelkunçigi – Georg atly jadyly reňkleriň patyşalygynyň jadylanan şazadasyny halas etmek üçin jadyly fleýtanyň gözlegine çykýar.

ORIENT habarlar

Foto: mmohelper.ru, kino-teatr.ru, kinopoisk.ru, Российская газета, marimedia.ru, applespbevent.ru, kinopoisk.ru, portal-kultura.ru

Şeýle hem okaň: