Iň täze habarlar

Ýanwaryň ikinji hepdesiniň iň gowy filmlerininiň we seriallarynyň onlaýn-täze görkezişleri

16.01.2023 | 20:36 |
 Ýanwaryň ikinji hepdesiniň iň gowy filmlerininiň we seriallarynyň onlaýn-täze görkezişleri

ORIENT şu hepde bolan dürli žanrlardaky täze fimleriň we seriallaryň onlaýn-görkezişleriniň sanawyny düzdi.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Geçmişiň ýaňlary (ilkinji görkeziliş – 13-nji ýanwar)

Bu Golliwudyň meşhur aktýory Nikolas Keýjiň düşen iň birinji western - filmidir. Sýužet boýunça ol birwagtky talaňçynyň keşbini oýnaýar we 12 ýaşly gyzy bilen özüniň köne toparynyň ar almaga suwsap giden baştutany bilen duşuşmaly bolýar.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Hassalar (ilinji görkeziliş – 13-nji ýanwar)

Elhençlikleri halaýanlar «Galmagal» filminiň awtory Kewin Uilýamsonyň täze filmine tomaşa edip bilerler. Sýužet koronawirus pandemiýasy döwründe şäheriň daşyndaky kölüň boýundaky öýde karantin geçirmek isleýän gyzlar barada gürrüň berýär. Kem-kemden olar golaýda haýsydyr bir erbet güýjüň bardygyny ýüze çykarýarlar.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Welma (ilkinji görkezilişi – 12-nji ýanwar)

Animasion komediýa «Skubi-du»-nyň spinoffy we Welma Dinkli barada gürrüň berýär. Sýužet boýunça ol Dafna, Şeggi we Fred bilen mekdepde bolup geçen bir işi derňeýär. Baş gahrymana serialyň prodýuseri Mindli Keýling ses berýär. Entek filmiň diňe iki seriýasy çykdy.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Taksi: hazynalar dagy (ilkinji görkezilişi – 9-njy ýanwar)

Leon atly taksyçy syrly ýoldaşy bilen Gibraltar dagyna çenli gidýär, ol ýerde ýolagçynyň aýtmagyna görä, altyn-gyzyldan doly gowak barmyş. Film Lýuk Bessonyň «Taksi» filminiň seriýalaryny höwes bilen tomaşa edýänlere has hem ýarar.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Strim (ilkinji görkeziliş – 9-njy ýanwarda)

Žora atly ýetginjegiň meseleleri baradaky gülküli serial, ol özüne dost tapyp bilenok, öýde bolsa ene-atasy mydama dawalaşyp durýarlar. Daş-töwerekdäkileriň adalatsyzlygyny görkezmek üçin ol içi kameraly şlýom geýýär we gije-gündiz bolýan zatlary strim görnüşinde görkezip başlaýar. Bu ýetginjegiň özüne bolan ynamy döredýär, töwerekdäkiler bolsa üýtgäp başlaýarlar, sebäbi kamera olaryň ähli kemçiliklerini görkezýär.

Лучшие онлайн-премьеры фильмов и сериалов второй недели января

Tokionyň ar alyjylary: Roždestwo söweşi (ilkinji görkeziliş – 8-nji ýanwar)

Bu žanry söýüjiler üçin uzak garaşylan «Tokionyň ar alyjylary» anime-serialynyň birinji möwsüminiň dowamy, ol Hakkaý Şibanyň maşgalasy barada gürrüň berýär we Manjiro Sanonyň çagalygyndan täze jikme-jiklikleriň üstüni açýar. Şu wagta çenli onuň birinji seriýasy çykdy. Seriýalaryň ýekşenbe güni çykmagyna garaşylýar.

ORIENT

Foto: kino-teatr.ru, ivi.ru, in-raiting.ru, kg-portal.ru, tnt.ru, film.ru14

Şeýle hem okaň: