Iň täze habarlar

Haýsy ýurtlar 2023-nji ýylda Aýa iş saparyna we beýleki kosmos taslamalaryna ugradarlar

28.12.2022 | 08:52 |
 Haýsy ýurtlar 2023-nji ýylda Aýa iş saparyna we beýleki kosmos taslamalaryna ugradarlar

2023-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Ýewropanyň kosmos agentligi Aýa hem-de uzak kosmosa iş saparlaryna ugradarlar. Munuň özi, NASA Artemis I-iň ýakynda bolan saparynyň yzýany bilen bolup geçer. Şol saparyň çäklerinde geljekde adamlary Aýa we Marsa äkidip-getirmäge niýetlenen Orion gämisi Aýyň daşyndan uçuş amala aşyrdy. Bu barada geljkede amala aşyryljak kosmos uçuşlaryna beren synynda BBC ýazýar.

Hindistan 2023-nji ýylyň iýun aýynda Aýa Chandrayaan 3 toparyny sapara ugratmagy meýilleşdirýär, şonuň düzüminde gonuş moduly hem-de üstki bölege ylmy barlag geçirmek üçin robotlaşdyrylan wezdehod bolar. Hindistan Aýa Chandrayaan 1 bilen 2008-nji ýylda ýetdi.

Russiýa “Luna-25” atly toparyny 2023-nji ýylyň iýul aýynda ibermegi maksat edinýär, şonda Aýyň günorta polýar sebitinden nusgalary ýygnap almak niýet edinilýär.

1 (4).jpg

SpaceX 2023-nji ýylyň aýagynda ýapon milliarderi Ýusaka Maedzawany we ýene-de sekiz ýolagçyny Aýa syýahata äkitmegi meýilleşdirýär. Munuň özi, onuň ýüz adamy ýerleşdirip bilýän Starship gämisiniň ilkinji sapary bolar.

NASA ABŞ-nyň kosmos agentligi bolup, Aýa indiki toparyny 2024-nji ýylda ibermegi maksat edinýär. Şonda Artemis II Aýyň orbitasyna astronawtlary elter. Artemis III 2025-nji ýa-da 2026-njy ýylda ilkinji zenany we ilkinji reňkli adamy Aýa düşürmegi maksat edinýär (the first woman and the first person of colour – BBC).

Munuň özi, 1972-nji ýylda NASA-nyň “Apollon” gämisiniň saparyndan soň, adamlaryň Aýa ilkinji gezek gadam urmagy bolar. Indi munuň üçin Space X kosmos gämisi ulanylar.

Hytaý Russiýa bilen 2035-nji ýyla çenli Aýda bilelikdäki bazany döretmek meýilnamalary barada yglan etdi.

2 (3).jpg

Kosmos ulgamynda giň gerimli işleri alyp barýan ABŞ, Russiýa we Hytaý ýaly döwetleriň maksady Aýda astronawtlaryň ýaşamagy üçin bazany döretmekden ybaratdyr diýip, ABŞ-nyň Garward-Smitson astrofizika merkeziniň astronomy doktor Makdauell aýdýar.

“Aý Mars ýaly ýerlere ýetmek üçin basgançak hökmünde ulanylýar. Ol uzak kosmosyň tehnologiýalaryny synag etmek üçin ajaýyp ýer” diýip, ol aýdýar.

Mundan başga-da, Ýerden uzak kosmosa uçmak bilen deňeşdirilende, kosmos gämisi üçin Aýdan uçulanda az ýangyç sarp edilýär.

3.jpg

Şeýle hem ol Aýda ýangyç çeşmesiniň ýüze çykarylandygyny hem gürrüň berdi. Aýyň günorta polýusynda suwuň bardygy bellidir – diýip, doktor King aýdýar. “Ony wodoroda we kisloroda bölmek bolýar, şolary bolsa Marsa we beýleki ýerlere syýahata gitmek üçin gämilere ýangyç guýmaga ulanyp bolar”.

Munuň özi – suwa bolan hukuk barada aýtmak üçin Aýa gaýdyp barmaga bolan islegiň sebäpleriniň biridir.

NASA 16 Psiheýa atly asteroidyň ylmy-barlaglary üçin 2023-nji ýylyň tomsunda “Psiheýa” kosmos gämisini uçurar. Ol, hasaplanylyşy ýaly, Gün ulgamynyň emele gelen ilkinji günlerinde döredilen planetanyň galyndylary bolup durýar.

Ýewropanyň kosmos agentligi Ýewropa ýurtlarynyň 22-si tarapyndan goldanylýan gurama bolup, 2023-nji ýylyň aprel aýynda Jupiter Icy Moon Explorer gämisini uçurmagy meýilleşdirýär. Gämi suw buzunda ýaşaýşyň alamatlaryny gözlär. Ol, hasaplanylyşy ýaly, Ýupiteriň üç hemrasynyň – Ganimedanyň, Kallistonyň we Ýewropanyň üsti ýüzleriniň aşagynda ýerleşýär.

4.jpg

Hytaý uzakdaky ýyldyzlaryň we gara deşikleriň kartasyny düzmek üçin 2023-nji ýylyň dekabrynda pesdäki ýer töwereginiň orbitasyna Xuntian teleskopyny çykarmagy maksat edinýär. Ol ozal Aýa we Marsa zondlary hem-de robotlaşdyrylan marsohodlary gondurdy, şeýle hem älem giňişligine “Týangun” atly ylmy-barlag stansiýasyny iberdi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: