“Belawia” awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda gatnawlary täzeden dikelder
01.10.2022 | 00:05 |“Belawia” awiakompaniýasy Belarusdan Türkmenistana we Türkmenistandan Belarusa awiagatnawlary täzeden dikelder diýip, belarus awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda ORIENT-e habar berdiler.
Gatnawlar Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek, sişenbeden çarşenbe gününe geçilmeginde şu tertipde ýerine ýetiriler:
– Minskden uçuş sişenbe güni 22:40-da, Türkmenbaşy şäherine gelip gonuş ertesi, çarşenbe güni 04:45-de,
– Türkmenbaşy şäherinden uçuş çarşenbe güni 05:45-de, Minsk şäherine gelip gonuş çarşenbe güni 08:05-de.
* Her şäher üçin onuň ýerli wagty görkezidi.
Goşmaça maglumaty awiakompaniýadan şu telefonlar boýunça anyklap bolar: (+993 12) 92-64-09, (+ 993 12) 92-02-27. “Belawianyň” Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasy şu salgyda: Ata Gowşudow köç. Jaý 50/2, 2-nji gat («Teke bazarynyň» ýanynda) ýerleşýär.
Ýakyn wagtda bolsa Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem ýolagçy howa gatnawyny ýola goýar.
Ozal koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäkendirmelerden soň, Türkmenistan Russiýanyň iki şäheri – Moskwa we Kazan, BAE we Germaniýa bilen göni howa gatnawyny täzeden dikeltdi.
ORIENT news
Foto: ria.ru