Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
07.07.2025 | 22:54 |Aşgabat, 7-nji iýul | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň gyrgyz ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryna ünsi jemlediler hem-de sebitara we halkara gün tertibiniň has möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy bölegi 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçinji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk işlerine bagyşlandy. Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bu möhüm foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär diýip, Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Ministrler LLDC ýurtlarynyň bähbitlerini öňe sürmekde, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we durnukly ösüşi ösdürmekde esasy ornuny belläp, çäräniň üstünlikli geçirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda DIM-niň ýolbaşçylary gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn esasda şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ORIENT