Iň täze habarlar

Britaniýaly neşirýatçylar Google-dan AI seljermelerini öçürmegi talap edýärler: traffik we öwezini dolmak ugrunda göreş

10.07.2025 | 15:50 |
 Britaniýaly neşirýatçylar Google-dan AI seljermelerini öçürmegi talap edýärler: traffik we öwezini dolmak ugrunda göreş

Britaniýaly neşirýatçylar Google-dan gözleg netijelerinde awtomatiki usulda çykýan emeli aň seljermelerini (AI Overviews) öçürmek mümkinçiligini üpjün etmegini talap edýärler. Olar bu emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça mazmunlaryň olaryň sahypalaryna gelen traffigiň öňüni tutýandygyny we mahabat girdejilerine zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Neşirýatlar tehnologiýa ägirdini olaryň mazmunyny rugsatsyz we öwezini dolmazdan diňe öz gözleg platformasyny kämilleşdirmek üçin ulanmakda aýyplaýarlar.

Android Authority tarapyndan berlen maglumata görä, bu alada ilkinji gezek ýüze çykmaýar: mundan ozal The Guardian hem gözlegde emeli aňyň töwekgelçilikleri barada soragy galdyrypdy. Indi bolsa Britaniýanyň garaşsyz neşirýatlaryny birleşdirýän UK Independent Publishers Alliance maý aýynda Google tarapyndan mazmunlarynyň adalatsyz ulanylmagyna we okyjylar sanynyň azalmagyna garşy antimonopoliýa şikaýatyny beren Ýewropaly kärdeşleriniň tarapyna geçdi.

Tankytlara jogap hökmünde Google AI seljermeleriniň saýta geçişleri azaltman, tersine, çeşme saýtlaryna geçişleriň sanyny artdyrýandygyny öňe sürýär. Ýöne neşirýatlar AI seljermeleri sebäpli peýda bolýan “nol basyşly” ýagdaýlaryň köpelýändigini görkezýän barlag netijelerini getirýärler — ýagny ulanyjylar gözleg netijesinde ähli zerur maglumatlary göni alýarlar we çeşme saýty asla açmaýarlar.

Üns çekiji zatlaryň biri hem, Google häzirki wagtda Gemini we Vertex ýaly beýleki AI taslamalaryna gatnaşmazlyk gurallaryny hödürleýär. Ýöne AI Overviews üçin beýle mümkinçilik ýok, bu bolsa neşirýatçylary mazmunlarynyň gözleg ulgamynda ulanylmagy boýunça doly gözegçilikden mahrum edýär.

Android Authority-niň bellemegine görä, AI tehnologiýalarynyň gözleg ulgamlaryna çuňňur ornaşmagy bilen, tehnologiýa kompaniýalary bilen garaşsyz media serişdeleriniň arasyndaky dartgynlyk artýar. Bu garşylygyň netijesi diňe bir kompaniýalaryň iş bähbitlerine däl, eýsem tutuş sanly media giňişliginiň geljegine täsir ýetirip biler.

ORIENT

Foto: goha.ru

Şeýle hem okaň: