Iň täze habarlar

Täjigistanyň Almosi jülgesi: Merkezi Aziýadaky FAO GIAHS ulgamynyň ilkinji desgasy

10.07.2025 | 15:30 |
 Täjigistanyň Almosi jülgesi: Merkezi Aziýadaky FAO GIAHS ulgamynyň ilkinji desgasy

Täjigistanyň daglyk sebitindäki Almosi jülgesi, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan döredilen Ählumumy ähmiýetli oba hojalyk miras ulgamlarynyň (GIAHS) toruna Merkezi Aziýadan girizilen ilkinji desga boldy. Bu goşulan täze desga bilen GIAHS-yň ählumumy tory 29 döwletiň çäginde 99 desga ýetirildi we çaklamalara görä, 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli bu görkeziji 100-den geçer.

FAO-nyň howanyň üýtgemegi, biodürlülik we daşky gurşaw meseleleri boýunça bölüm müdiri Kawe Zahedi, GIAHS ulgamynyň adaty oba hojalyk ulgamlaryny saklamakdaky ähmiýeti barada belläp geçdi. Bu ulgam durnukly ösüşi we tebigat bilen sazlaşygy üpjün edýär, bu bolsa howanyň üýtgemegi we biodürlüligiň ýitmegi şertlerinde aýratyn möhümdir.

FAO tarapyndan 2002-nji ýylda işe girizilen GIAHS maksatnamasy tebigaty goramak, üýtgeşmelere uýgunlaşmak we durmuş-ykdysady ösüş arasynda deňagramlylygy saklamagy maksat edinýär. Bu maksatnama daýhanlara goldaw berýär we adaty bilimleri gorap saklamaga ýardam edýär.

Täjigistanyň daglyk landşaftlarynda ýerleşýän Almosi jülgesi, dag-çopançylyk ulgamynyň utgaşykly nusgasydyr. Bu ýerde asyrlardan bäri möwsümleýin maldarçylyk üzümçiligiň (esasan hem, gülgüne reňkli Toýfi görnüşi, ol gury üzüm, şerbet, şire we şerap öndürmekde ulanylýar), däneli ekinleriň, miweleriň we gök önümleriň, ýerli görnüşli bugdaýyň bilen arpanyň ösdürilmegi, şeýle hem hisori goýunlaryñ ýetişdirilmegi bilen birleşdirilip ösdürilýär. Topragyň zaýalanmagy we suwuň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklara garamazdan, bu ulgam azyk howpsuzlygyny üpjün edýär, agrobiodürlüligi we medeni mirasy saklaýar.

Almosidäki oba hojalygy kontur görnüşli ekin ekmek, organiki dökünler we suwy tygşytly ulanmak üçin gadymy suwaryş usullary ýaly köp asyrlyk däplere esaslanýar. Ýerli ýaşaýjylaryň bilimleri Muçala senenamasynda şöhlelendirilýär, jemgyýetiň mahalle komitetleri, hojalyklar we kooperatiwler arkaly dolandyrylmagy bilimleriň we medeni däpleriň nesilden-nesle geçmegine ýardam edýär.

ORIENT

Foto: ФАО

Şeýle hem okaň: