Iň täze habarlar

Türkmenistandan Russiýa we BAE awiapetekleriň satuwy başlandy

24.05.2022 | 17:07 |
 Türkmenistandan Russiýa we BAE awiapetekleriň satuwy başlandy

Türkmenistan airlines awiakompaniýasy Türkmenistandan Kazan we Dubaý şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlaryna awiapetekleriň satuwyna başlady – diýip, Aşgabadyň satuw bölümine baryp gören ORIENT-iň habarçysy habar berýär. Birinji uçar Türkmenistandan 30-njy maýda ugrar.

Kazan şäherine gatnawlar her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan uçar sagat 14:55-de ugrap, Russiýanyň bu şäherine ýerli wagt bilen 16:30-da gonar.

Howa gämisi Kazandan yzyna – Türkmenistana sagat 19:00-da ugrap, türkmen paýtagtyna 00:00-da gonar (çarşenbeden penşenbä geçilýän gije).

Dubaý şäherine awiagatnawlar her hepdäniň duşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan uçarlar sagat 12:20-de ugrap, BAE-ne sagat 13:50-de gonar. Dubaýdan yzyna, türkmen paýtagtyna howa gämisi sagat 15:20-de ugrap, Türkmenistana 19:00-da geler.

Awiapetegiň bir tarapynyň bahasy – Türkmenistandan Kazana çenli 8020 manat, Türkmenistandan Dubaýa çenli bolsa – 6700 manat.

Ozal ORIENT Türkmenistandaky halkara gatnawlaryň düzgünleri barada habar beripdi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: