Türkmenistan we Belarus göni ýolagçy howa gatnawyny täzeden ýola goýar
30.09.2022 | 22:29 |Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugru boýunça göni ýolagçy howa gatnawlary “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýakyn wagtda täzeden ýola goýlar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ORIENT-e habar berdiler.
Howa gatnawlary üçin petekler heniz satuwa gelmedi diýip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň satuw edarasynda gürrüň berdiler. Yzygiderli uçuşlary oktýabrda täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär, olar her şenbe güni ýerine ýetiriler diýip, Minskiniň howa menziliniň Telegramdaky resmi akkauntynda habar berilýär.
Howa arkaly gatnawlary şu tertipnama boýunça täzeden dikeltmek maksat edinilýär:
– Aşgabatdan uçuş 12:35-de, Minskä gelip gonuş 15:35-de,
– Minskiden uçuş 17:35-de, Türkmenabada gelip gonuş ertesi 00:35-de.
* Her şäher üçin öz ýerli wagty görkezildi.
Ozal koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmelerden soň, Türkmenistan Russiýanyň iki şäheri – Moskwa we Kazan, BAE we Germaniýa bilen göni howa gatnawyny täzeden ýola goýdy.
ORIENT news