Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawy gaýtadan dikeldildi
27.08.2022 | 00:22 |Turkmenistan airlines Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawyny gaýtadan dikeltdi diýip, ORIENT-e awikompaniýada habar berdiler.
Howa gatnawlary Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat ugry boýunça her çarşenbe we şenbe günleri ýerine ýetirilýär diýip, Aşgabatda uçar petekleri satylýan nokatda biziň habarçymyza tassykladylar.
Türkmenistandan Germaniýa tarap petegiň bahasy 5 705 manat, Germaniýadan Türkmenistana tarap bolsa 6 070 manada deňdir. Paýtagtymyzda “Türkmenhowaýollary” agentliginde milli pula petekleri iki tarapa-da satyn alyp bolar.
Ýurtlaryň arasyndaky ýolagçy howa gatnawlary koronawirus pandemiýasy sebäpli, iki ýyldan gowrak ozal togtadylypdy.
Bu barada okap bilersiňiz:
Türkmenistandan Russiýa hem-de BAE-ne howa gatnawlary üçin petekler satylyp başlandy
Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylary üçin bildirilýän talaplar çap edildi
ORIENT news