Iň täze habarlar

“Tarlan” kompaniýasy: iş eşigi hiç wagt köplük etmez

22.09.2022 | 18:03 |
 “Tarlan” kompaniýasy: iş eşigi hiç wagt köplük etmez

Gurluşykçyny lukmandan, ýangyn söndürijini aşpezden, satyjyny nebitçiden nädip tapawutlandyrmaly? Elbetde, ýörite iş eşigi boýunça! Dürli hünärler üçin ýokary hilli ýörite iş eşiklerini öndürýän we ilkinji gezek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşan “Tarlan” türkmen kompaniýasynyň önümleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Sergi 20-nji sentýabrda Söwda-senagat palatasynyň paýtagtdaky sergi merkezinde açyldy we ýurduň garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy.

Компания «Tarlan»

Kombinezonlar we ýörite iş geýimleri görkezilen stend uzak aralykdan dessine “göze ilýär”. “Tarlan” kompaniýasy ýaşlygyna, sergä ilkinji gezek gatnaşýandygyna seretmezden, köpleriň ünsüni özüne çekdi. Türkmen telekeçisiniň dürli kärhanalar we edaralar üçin hödürleýän iş eşikleri we şahsy gorag serişdeleri sarp edijileriň göwnünden turdy, bu önümler durmuşyň ähli ugurlary üçin diýseň laýyk gelýär.

Компания «Tarlan»

"Tarlan" iş eşik önümçiligi bazarynda täzelikde peýda bolup, bu ugurda üç ýyla golaý wagt bäri işleýär. Bu döwürde kompaniýa gurluşykçylar, gorag we garawulçylyk hyzmatlary, lukmançylyk edaralary, naharhana, restoran, kafe, söwda kärhanalary we ş.m. üçin niýetlenen ýokary hilli we amatly ýörite iş geýimlerini öndürmekde ökde hünärmen hökmünde özüni tanatdy.

Компания «Tarlan»

Gelşikli biçüwde we göze ýakymly bolan iş eşiklerini geýmek diýseň rahat we amatly. Olaryň biçüwleri “Tarlan” kompaniýasynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip düzülýär we bu önümler diňe türkmen we türk dokma fabrikleri tarapyndan öndürilen düzümi tebigy we arassa pagta bolan matalardan tikilýär.

Iş eşiklerini adaty matadan tikmekden başga-da, “Tarlan” öz müşderilerine kombinezonlaryň ýokary howpsuzlyk talaplary bolan nebit we gaz işgärleri we beýleki howply hünärler üçin niýetlenen, “gorag formasy” diýlip atlandyrylýan, çydamly matalardan dikilen aýratyn görnüşini hödürleýär.

Компания «Tarlan»

“Tarlan” işini ýola goýaly bäri kompaniýanyň Ojar Aziýa, Altyn Nesil, Beýiklik, Nur bina we beýlekiler ýaly gurluşykçy-müşderileriniň uly sanawy emele geldi.

“Iş eşigi hiç wagt köplük etmez!” diýen şygary öňe sürýän kompaniýa müşderilerine öz eskizlerine görä bolşy ýaly, iş eşiklerini sargyt edijiniň biçüwine laýyklykda-da hödürleýär, müşderi eşigiň matasyny, reňkini, ilik-düwme ýaly beýleki zatlaryny öz islegine görä saýlap biler.

Компания «Tarlan»

“Tarlan” önümleri barada has giňişleýin maglumat bilen tarlan_ag instagram sahypasynda tanyşyp bilersiňiz, hyzmatdaşlyk üçin 100303, +993 63322222 telefon belgileri ýa-da tarlan.tm2020@gmail.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

ORIENT

Şeýle hem okaň: