Iň täze habarlar

2030-njy ýyldan Türkmenistan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol görkezijisini gazanmagy meýilleşdirýär

25.06.2022 | 01:07 |
 2030-njy ýyldan Türkmenistan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol görkezijisini gazanmagy meýilleşdirýär

Türkmen döwletiniň bu ägirt maksatlary Pariž ylalaşygynyň çäklerinde ýerine ýetiriljek milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatnamasynda görkezildi. Resminama şy ýylyň maýynda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatyna ugradyldy.

Maksatnamada esasy üns atmosferada ýylylygy saklaýan parnik gazy bolan metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna berildi, ol zyňyndylaryň bütindünýä möçberiniň 20%-ini tutýar.

Onuň ekologiýa we klimata ýetirýän täsirini öwrenen alymlar metany BMG-nyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasy (BMG HÜÇK) tarapyndan gözegçilige alnan antropogen parnik gazlarynyň hataryna goşdular.

Bu görkezijilere ýurdumyz öz maliýe çeşmeleriniň hasabyna, şeýle hem halkara guramalary, gaznalar we institutlar tarapyndan maýa goýum we tehniki goldaw bilen ýetmegi maksat edinýär.

Bu barada türkmen bilermenleri penşenbe güni, 23-nji iýunda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynda habar berdiler.

Çykyş edenler bu günki günde ylmy dünýäniň atmosferada metanyň ýygnanmagy meselesini çözmäge we, iň esasysy, zyňyndylary azaltmagyň usullaryny ösdürmäge uly üns berýändigini bellediler. Metandan global ýylylyk howpy uglerod dioksidinden (СО2) 30 esse kän, ol atmosferany-da СО2 garanyňda, onlarça esse köp gyzdyrýar. Mundan başga-da, howply howa hapalaýan ýer derejesindäki ozonyň emele gelmegine-de sebäp bolýar.

Türkmenistan halkara şertnamalary we konwensiýalary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin amaly çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmen alymlary nebitgaz pudagynda energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri işläp taýýarladylar, netijede ýurdumyzda tebigy gazy öndürmekde, daşamakda, saklamakda we gaýtadan işlemekde onuň syzmagyny azaltmak boýunça çäreler geçirilýär. Bu kemçilikleri ýüze çykarmak we olaryň peýda bolmagynyň öňüni almak üçin pes we orta basyşly gaz paýlaýyş torlarynda awtomatlaşdyrylan ulgamlar ulanylýar.

Mundan başga-da, gaz üpjünçiligi ulgamyndaky gaz paýlaýyş torlary täzelenýär, abatlanýar, hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň möçberine gözegçilik etmegiň häzirkizaman usullary ornaşdyrylýar. Hünärmenler ýatagyň we esasy nebit- we gazgeçirijileriň içindäki enjamlary wagtly-wagtynda abatlamak we çalyşmak işlerini ýerine ýetirýärler.

Şeýle çäreler parnik gazlarynyň zyňyndylary emele gelýän ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda-da işjeň durmuşa geçirilýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: