IMEO metanyň zyňyndylaryny azaltmak usullaryny işläp düzmekde öz ylmy gurallaryny hödürleýär
25.06.2022 | 00:52 |IMEO Türkmenistanda işleýän kompaniýalara metanyň zyňyndylary barada hasabat boýunça standartlaşdyrylan açyk protokollary, metany dolandyrmak üçin tehniki görkezmeleri bermäge, şeýle hem gazyň zyňyndylary baradaky hasabaty gowulandyrmaga we onuň çeşmelerine has gowy gözegçilik etmäge ýardam berjek seminarlary we modullary guramaga taýýardygyny aýtdy – diýip, metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň ýolbaşçysy (IMEO) Manfredi Kaltajirone aýtdy.
OGT-2022 forumynyň çäklerinde ol bütin dünýä boýunça metanyň zyňyndylaryna gözegçilik edýän we döwletlere olary azaltmagyň usullaryny kämilleşdirmäge ýardam berýän obserwatoriýanyň işine gysgajyk syn berdi.
Kaltajironeniň pikiriçe, bu tagallalar üçin nebitgaz pudagy üçin hasabat ulgamynyň ölçeglerine esaslanýan OGMP 2.0 kömegi bilen toplanan maglumatlar wajyp ähmiýete eýe. Onuň 74 agza-kompaniýalary baha dörediş zynjyry boýunça dünýäniň iň uly operatorlarynyň köpsanlysyna wekilçilik edýär we nebitgaz önümçiliginiň 30%-den gowragy olaryň paýyna düşýär.
IMEO 2021-nji ýylda BMG-nyň howandarlygynda işe girizildi. Ilkinji nobatda, obserwatoriýa gazylyp alynýan ýangyç pudagyna gönükdirilendir, soňra ol oba hojalygy we galyndylaryň zibilhanasy ýaly zyňyndylaryň beýleki, esasy çeşmelerini nazara alar.
Ösen ylmy gurallar IMEO dünýäniň kompaniýalaryny we hökümetleri howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak we zyňyndylara gözegçilik etmek usullaryny ösdürmek boýunça strategik çäreleri görmek üçin öz maglumatlaryny ulanmaga çekmegine mümkinçilik berer.
IMEO-nyň bäş ýyllyk býujeti – 100 million ýewro. Özüniň garaşsyzlygyny we abraýyny saklamak üçin ol pudak tarapyndan maliýeleşdirilmez. Muňa derek, IMEO hökümetler we haýyr-sahawat guramalary tarapyndan doly maliýeleşdiriler, esasy çeşmeler bolsa Ýewropa topary tarapyndan üpjün ediler.
ORIENT news