Howanyň ählumumy ýylamagy eýýäm biziň adaty durmuşymyza täsir edýär we munuň bilen ylalaşyp bolmaz
24.06.2022 | 06:10 |– Men howa baradaky täzeliklerden başlamak isleýärin- diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso şu gün Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edende aýtdy.
– Geçen hepde Ýewropanyň käbir böleklerinde has ýokary tempratura tolkunlary bolup geçdi—Ispaniýada, Portugaliýada we Fransiýada +40 derejeden ýokary; Germaniýada, Çehiýada, Awstriýada +35 derejeden ýokary boldy. Ýagdaýlar şeýle, ýagny biz geljek ýyl sowadyjylary eýýäm aprel aýynyň ahyrynda-maý aýynyň başynda, ýyladyş ulgamlaryny bolsa-eýýäm oktýabr aýynda işlederis.
Ilçi howanyň ählumumy derejede ýylamagynyň biziň adaty durmuşymyza täsir edýändigine we munuň bilen ylalaşmaly däldigine çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem onuň çykyşynyň möhüm meseleleriniň biri ekologiýadaky we geosyýasatdaky üýtgeşmeleriň dünýäniň azyk howpsuzlygyna täsir edişi baradaky mesele boldy.
–Statistikanyň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany diňe 600 million bolupdy. Men “diňe” diýip, munuň bütin taryhyň dowamynda iň pes görkezijidigi sebäpli aýdýaryn. Şonda biz bilelikdäki tagallalarymyz arkaly dünýäde açlygy aradan doly aýryp bolar diýip pikir edýärdik. Gynansak-da, 2015-nji ýyldan bäri ýagdaýlar tersine boldy we häzir biz 900 million görkezijä ýakynlaşýarys.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi abraýly bilermenleriň pikirine salgylanyp, howanyň üýtgemeginiň ählumumy azyk bazary üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi. Suw almalar, gurakçylyklar, möwsümi däl döwründe ýokary we pes howa derejeleriniň tolkunlary-bularyň ählisi azyk önümleriniň bütin dünýä boýunça ýaýradylmagyna täsir edýär.
– Şunuň bilen bir wagtda, hemmeler energiýany – nebiti we gazy täze iberijileri gözleýärler. Biz häzir hat-da kömre hem gaýdyp gelýäris, ýogsa kömrüň eýýäm geçen köne döwürleriň meselesidir diýip pikir edýärdik.
Diýego Ruiz Alonso dünýädäki häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ÝB-niň energetika howpsuzlygy baradaky mesele barada aýdyp, Ýewropa ýurtlarynyň häzirki ýagdaýlaryna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň “ýaşyl” energetika doly geçmäge taýýardygy mizemez bolmagynda galýandygyny belledi.
– Biz öz maksatlarymyzy üýtgetmeris we hatda, olara ýetmek işlerimizi tizleşdireris. <…> Bu diňe bir biziň energetika taýdan baglylygymyzy aýyrmagy isleýändigimiz üçin bolman, eýsem, şol sanda bu ýoluň ýeke-täk dogry jogapdygyny, howanyň üýtgemegine hem-de şunuň bilen baglanyşykly ähli wezipelere ýeke-täk netijeli täsirdigini hasaplaýandygymyz üçin şeýledir.
Şunda diplomat halkara hyzmatdaşlygy bolmazdan, öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilmeginiň mümkin däldigini we şoňa görä-de, umumy işe goşant goşmagyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin we hatda aýratynlykda her bir adam üçin möhümdigini ýatlatdy.
ORIENT news