Türkmenistanyň “ýaşyl monjugy” halkara güwanama eýe boldy
24.06.2022 | 05:42 |Häzir Aşgabady hem-de ýurduň beýleki ilatly ýerlerini baglaryň 145 milliony gurşap alýar. “Ýaşyl monjuk” diýlip, soňky 20 ýylyň dowamynda her ýyl 3 million baglary ekmek bilen atlandyryldy. Pürli, ýaprakly we miweli baglardan döredilen emeli tokaýlyklaryň umumy meýdany häzirki wagtda 185 müň gektardan geçýär.
Şeýle täsir edýän uly görkeziji sanlar şu gün, 23-nji iýunda Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod serişdeleri gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly halkara maslahatynda ýaňlandy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak minstrliginiň bilermeni Jumamyrat Saparmyradow forumda çykyş edip, bag nahallaryny oturtmagyň milli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýandygyny habar berdi. Türkmenistanda daşky durşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy we tebigy serişdeleri oýlanşykly peýdalanmak meseleleri döwlet syýasatynyň esaslarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdy bagy-bossanlyga büremek boýunça giň gerimli işler bu gün halkara derejesinde-de nusgalyk göreldä eýe boldy.
Tokaý toplumlaryny dikeltmek we bug gazlarynyň bölünip çykmagyny azaltmak boýunça ählumumy işlere ýurduň goşýan goşandy üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy Aşgabat şäherine “Çagyryş: şäherlerde baglar” başlangyjynyň çäklerinde halkara güwanamany gowşurdy.
ORIENT news